Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasy türkmen bagbanlarynyň halkara bazarlaryna çykmagyna kömek edýär


Çäre gatnaşyjylar

ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasy (USAID)Eksporty ýeňilleşdirmek başlangyjy çäresinde Türkmenistanyň daýhanlaryna GLOBALG.A.P şahadatnamasyny almak üçin bilelikde maliýeleşdiriş meýilnamasyny hödürleýän bäsleşigi yglan etdi, bu sertifikat täze bagbançylyk önümlerini esasy halkara bazarlaryna eksport etmekde möhüm ädim bolup durýar diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda 29-njy aprelde çap edilen habarda aýdylýar.

Çäräniň dowamynda alty sany fermer geňeşçisine GLOBALG.A.P şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi we indi olar, Türkmenistanda hasaba alnan tälim berijiler hökmünde, GLOBALG.A.P maglumatlaryny ulanyp, olardan miwe öndürijilere we beýleki gyzyklanýan taraplara tälim berenlerinde resmi taýdan peýdalanyp bilerler.

USAID-iň Türkmenistandaky ýurt wekili Nino Nadiradze jemgyýetçilik pudagyndan çärä gatnaşan 80-den gowrak adama, Türkmenistandaky daýhanlara we söwdany ösdürmek hyzmatlaryny üpjün edijilere, eksporty ösdürmek ekosistemasynyň gyzyklanýan taraplaryna ýüzlenip: "Halkara hünär derejesini almak bilen, daýhan geňeşçileri ýerli daýhanlara iň gowy oba hojalyk tejribelerini maslahat bermekde özboluşly ussatlyk gazandylar. Bu bolsa öz gezeginde, daýhanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar we daşky gurşawy goramak meselesinde has uly ygrarlylygy görkezer” diýdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy we balykçylyk bölüminiň başlygy Şamyrat Herremow öz çykyşynda birleşmäniň agzalarynyň mümkinçilikleri artandygy sebäpli USAID-a minnetdarlyk bildirdi we halkara premium bazarlaryna eksport etmek üçin halkara GLOBALG.A.P. standartynyň wajyplygyny nygtady.

Eksporty ýeňilleşdirmek başlangyjyň çäginde, söwdada päsgelçilikleri aradan aýyrmak bilen, USAID-iň Merkezi Aziýadaky Söwda meýilnamasy öňdebaryjy üç sany ter miwe, bakja we hoz öndüriji hem-de eksport ediji kärhanalaryna halkara GLOBALG.A.P. sertifikatyny bilelikde maliýeleşdirer. Mundan başga, GLOBALG.A.P standarty boýunça sertifikatlaşdyrylan öndürijiler önümleriň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrar, jemgyýetçilik jogapkärçiligiň halkara standartlaryna laýyklykda iş alyp barar we işgärleri üçin has gowy saglyk we howpsuzlyk şertlerini döreder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG