Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilip geçilýär. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy aprelde türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2-nji maýda bellemek barada permana gol çekdi. Döwlet metbugaty türkmen prezidentiniň Oraza gutlagyny çap etdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow hem Oraza baýramy mynasybetli türkmenistanlylary sosial media arkaly gutlady. Bu aralykda, Türkmenistanyň metjitlerinde 2-nji maýda irden okalan baýram namazyna baran adamlardan koronawirusa garşy sanjym kepilnamasy talap edildi.

“Şu gün (2-nji maýda) metjitlerde irden sagat 6:50-de baýram namazy okaldy. Balkan welaýatynyň Balkanabatdaky baş metjidinde koronawirusa garşy sanjym kepilnamasy bolmadyk adamlary metjide goýbermediler. Şeýle-de 18 ýaşdan kiçi raýatlar hem metjide goýberilmedi. ‘Sanepidemstansiýanyň’ işgärleri, polisiýa we MHM metjidiň öňünde nobatda boldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berdi.

“Sizi ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi prezident Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen gutlagyny sitirledi.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow sosial media arkaly çap eden gutlag wideosynyň dowamynda türkmen dilinde gutlag sözlerini beýan etdi.

“Oraza baýramyňyz mübärek bolsun!” diýip, ABŞ ilçisi türkmen dilinde ýagşy arzuwlaryny beýan etdi.

“Soňky iki ýylda global pandemiýa ýygnanyşmagy kynlaşdyran hem bolsa, bu ýyl has çuňňur baglanyşyklary döredýän ýübe-ýüz duşuşyklaryň geçirilmeginden hoşal bolduk” diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi sosial media gutlagynda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde pandemiýa düzgünleriniň raýatlaryň baýram ybadatlaryny çäklendirendigini habar berýärler.

Ýurduň günbatar welaýatyndaky metjitlerde baýram namazyna barýan adamlardan koronawirusa garşy sanjym kepilnamasy talap edildi. Dindarlaryň sanjym kabul edendikleri baradaky kepilnamalary metjitleriň öňünde nobat borjuny ýerine ýetirýän medisina işgärleri we kanun goraýjy gulluklar tarapyndan barlanyldy.

Metjitlerdäki sanjym talabynyň ýurt raýatlaryna öňünden habar berlendigi ýa-da däldigi barada maglumat ýok, ýöne türkmen hökümeti pandemiýa döwründe ýapylan metjitleri martyň ahyrynda gaýtadan açyp, ‘arassaçylyk-epidemiologiki şertleriň’ berk berjaý edilmegi şerti bilen metjitlerde köpçülik bolup namaza durulmagyna mümkinçilik beriljekdigini mälim edipdi, ýöne şonda talap edilýän şertleriň takyk detallary mälim edilmedi. Şol bir wagtda, metjitlerde maska talabynyň saklanyp galýandygy nygtaldy.

Balkanda baýram namazyna baryp, sanjym kepilnamalarynyň ýokdugy sebäpli metjitlere kabul edilmedik adamlar bu talapdan özleriniň nägile bolandygyny aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany 18 ýaşdan ýokary raýatlar üçin hökmany talap hökmünde yglan eden az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 18 ýaşdan kiçi raýatlaryň hem-de waksina kepilnamasyna eýe bolmadyk raýatlaryň metjitlere kabul edilmändiklerini ýene bir gezek nygtaýarlar.

Balkanabadyň baş metjidi bilen bir hatarda welaýatyň Türkmenbaşy, Hazar şäherlerinde we Bereket etrabynda hem metjitlerde raýatlardan sanjym kepilnamasy talap edildi.

Bu talapdan nägile bolan ýerli ýaşaýjylar bankomatlaryň we dükanlaryň öňünde emele gelýän nobatlarda hem-de köpçülik transport serişdelerinde ‘pandemiýa düzgünleriniň berjaý edilmeýändigine’ salgylanyp, metjitlerde sanjym kepilnamasynyň talap edilmegine lapykeçlik beýan edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG