Geçen aýda 20 etniki gazak maşgalasy Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiang welaýatyndan Gazagystana göçüp geldi. 2017-nji ýyldan bäri ol ýerdäki etniki azlykdaky toparlara, şol sanda gazaklara zulum edilýändigi barada howsalaly habarlar gelip gowuşýar. Migrantlaryň aýtmagyna görä, Hytaýdan çykmaga diňe resmi taýdan “migrasiýa çakylygy” bolanlara rugsat berilýär. Olar BMG-niň habaryna görä, milliondan gowrak adamyň zor bilen ýerleşdirilen "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerleri" baradaky sowallara jogap bermekden howatyr edýärler. Kandaslar – çetden gelenler özlerine Gazagystanyň raýatlyk bermezliginden gorkýarlar.
Almaty sebitiniň Enbekşigazak raýonynyň Koram obasy ýurduň iň uly şäherinden 130 km uzaklykda ýerleşýär. Bir topar çaga kiçijik jaýyň öňünde oýnaýarlar. Ojakda nahar taýýarlanýar, onuň töwereginde adamlar aýlanýarlar. Ýakynda bu ýere Hytaýdan gazak maşgalalary göçüp geldi.
"ÝEDI-SEKIZ ÝYLLAP GÖRÜŞMEDIK"
59 ýaşly Oraltaý Nurdynaý aýaly, ogly, gelni we üç agtygy, jemi ýedi adam bolup, Sinjiangyň Kulji şäherinden Gazagystana geldi. Onuň kiçi ogly we gyzy sekiz ýyl ozal Korama gelipdiler. Häzir Oraltaýyň maşgalasy wagtlaýynça olaryň jaýynda ýerleşdiler.
"Hossarlarymy iň soňky gezek ýedi-sekiz ýyl ozal gördüm. Soňra biz hatda WeChat (Hytaýdaky sosial ulgam. – Red.) arkaly-da gürleşip bilmedik" diýip, Samalhan – Oraltaýyň gyzy gürrüň berýär.
Samalhan we onuň adamsy 2013-nji ýylda ata-babalarynyň watanyna gelenlerinden soň, Gazagystanyň raýatlygyny aldylar.
Oraltaý 2019-njy ýylda Gazagystanda bolup, Enbekşigazak polisiýa bölüminden "migrasiýa çakylygyny" aldy, ýöne koronawirus pandemiýasy başlanansoň, ata watanyna gaýdyp bilmedi.
Kanuna görä, Gazagystanyň raýaty bolanlar, maşgalany birleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtda ýaşaýan gazak garyndaşlaryna çakylyk üçin ýüz tutup bilýärler. Ol arza ýerli migrasiýa bölümi tarapyndan tassyklanýar.
"Resminama diňe Gazagystandan "migrasiýa çakylygyny" alanlara berilýär. Pasportlar ýa-da şahadatnamalar ýöne berilmeýär" diýip, Oraltaý “lagerler" meselesine nädip geçendigini bilmedi.
"EGER-DE RAÝATLYK BERME DIÝSE NÄHILI BOLAR..."
"Ol ýerde men hiç bir erbetligi görmedim. Men bu ýere çagalarym, olaryň geljegi üçin geldim" diýip, öňki sözüni gaýtalady.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Sinjiang welaýatynyň ýerli etniki toparlaryna garşy Pekiniň alyp barýan syýasaty barada gürleşmäge synanyşanda, ol söhbetdeşligi derrew başga ugra öwrüp, Hytaýda oba hojalyk işlerini alyp barmagyň kynçylyklary barada gürläp başlady.
"Siz eýýäm serhetden geçdiňiz. Indi gorkara zat ýok" diýip, myhmanlardan biri aýtdy.
"Tokaýew bilen Si Szinpin (Gazagystanyň prezidenti we Hytaýyň ýolbaşçysy – Red.) dostluk saklaýar. Eger-de oňa (Tokaýewe) bize raýatlyk berme diýse nädip bolar" diýip, Oraltaý öz aladasyny bildirýär.
Gürrüň “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerleri” barada baranda, Oraltaý:
"Beýle lagerler ýok, muny käbir elementler aýdýarlar" diýdi.
Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, Hytaýda ýüzlerçe müň, belki-de, millionlarça tussag ýapyk edaralarda gynalýar, olary milli aýratynlyklaryndan we dini ynançlaryndan ýüz öwürmäge mejbur edýärler, mejbury zähmete çekýärler, bendilikde saklanýanlaryň üstünden, medisina synaglaryny geçirýärler.
"ELIMIZI TOWLAP, KÖP KAGYZA GOL ÇEKMÄGE MEJBUR ETDILER"
Oraltaýyň Hytaýdaky öňki goňşusy Eraly Sakanuly söhbetdeşlige goşulyp: “Gorkma, bolşy ýaly aýt. Hiç kim sizi Gazagystandan çykaryp bilmez" diýdi.
"Eger siziň aýdasyňyz gelmese, men aýdaýyn" diýip, Eraly öz başdan geçirenlerine başlady.
On ýyl ozal Gazagystana göçüp gelen Sakanuly häzirki wagtda Almaty sebitiniň Şelek obasynda ýaşaýar. Onuň sözüne görä, 2017-nji ýylda onuň iki dogany tussag edilipdir. Biri bir ýyl, beýlekisi iki ýyl “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerinde” oturyp çykypdyr. Hytaý hökümeti onuň namaz okaýan doganoglanyny uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edipdir.
"30 ýyllap bular (Oraltaýyň maşgalasy – Red.) bilen duldegşir goňşulykda ýaşadym. Bir tarapdan, olaryň bu ýere göçüp gelmek şatlygyny paýlaşmaga geldim, beýleki tarapdan, Hytaýda galan garyndaşlarymyň ýagdaýyny bileýin diýdim. Ol ýerde meniň doganlarym hem garyndaşlarym galdy. Olaryň kynçylygy köp diýip eşidýäris. 2017-nji ýylda başlanan Hytaý syýasatynyň netijesinde, türmede oturan dostlarym bar. Şeýle hem aýalymyň tanyşlaryny günäli tapdylar. Olaryň çagalary ýetimler öýünde galypdyr. Olaryň bar günäsi – namaz okamak" diýip, Eraly aýdýar.
Diňe şondan soň Oraltaý açylyşyp: “Gazagystana gaýtjak bolanymyzda, elimizi towlap, köp kagyzlara gol çekmäge mejbur etdiler. Gazagystanda hiç bir gürrüň geçiräýmäň diýdiler" diýip, öz ýagdaýyny mälim etdi.
Hytaý hökümeti Sinjiangda etniki azlyklara ençeme ýyl bäri sütem edýär we olara ýurduň çäginden çykmaga rugsat bermeýär. Hytaý häkimiýetleri Gazagystana göçüp gelen gazaklardan, dürli bahana bilen Sinjianga gaýdyp gelmegini haýyş edenlerinde, serhetden geçenlerinden soň olary "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerine" iberen ýagdaýlary hasaba alyndy. Halkara guramalarynyň maglumatyna görä, beýle guramalarda esasan uýgurlar, gazaklar we gyrgyzlar saklanýar. Mundan başga-da ýurtda musulmanlar yzarlanýar, metjitler ýapylýar.
Hytaýyň ýöredýän syýasaty Günbatar ýurtlary, şol sanda Sinjiangda bolup geçýän wakalary genosid diýip atlandyrýan ABŞ tarapyndan ýiti tankytlanýar. Pekin bu aýyplamalary ret edýär hem-de lagerleri ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmek üçin döredilen “hünär öwrediji merkezler” diýip atlandyrýar.
Garyndaşlary Hytaýda saklanýan ýa-da Hytaýdan çykyp bilmeýän gazaklaryň bir topary geçen ýylyň fewral aýyndan bäri, Almatydaky Hytaý konsullygynyň öňünde, üznüksiz demonstrasiýa geçirmek bilen ýakynlarynyň Sinjiangda tussaglykdan azat edilmegini hem-de maşgalanyň birleşmegini talap edýär. Olary görmek üçin, konsulhanadan hiç kim daşary çykmaýar ýa-da soraglaryna jogap berilmeýär. Gazagystanyň polisiýasy bolsa piket geçirýänleri saklaýar, demonstrantlara birnäçe gezek jerime salyndy, käbirleri parahatçylykly ýygnanyşyklaryň tertibini bozmakda aýyplanyp tussag edildi. Bir ýarym ýylda saklanýanlara salnan jerimäniň mukdary dört million teňňä ýetdi.
HYTAÝÇA GEPLEÝÄN ÇAGALAR
Oraltaýyň sözüne görä, Sinjiangdaky gazak dilindäki bar bolan orta mekdepler 2017-nji ýyldan bäri doly ýapylypdyr.
Onuň agtyklarynyň üçüsi-de hytaý dilinde bilim alypdyr. Olar gazak diline düşünýärler, ýöne geplänlerinde, käbir zatlary düşündirjek bolsalar, hytaý sözlerini ulanýarlar. Kakasy howluda oýnap ýören 10-11 ýaşly bir gyza hytaý dilinde ýüzlendi, soň bolsa žurnalistiň telefon belgisini ýazmak üçin, çagadan ruçka getirmegini haýyş edendigini Azatlygyň habarçysyna düşündirdi.
Oraltaý Sinjiangda maldarçylyk bilen meşgullanypdyr.
"Biz bu ýerde hem maldarçylygy ösdürmek isleýäris. Eger häkimiýetler ýer berse, galan hyzmaty özümiz ederis" diýip, ol aýdýar.
Göçüp gelen maşgalalar soňra raýatlyk alar ýaly, kandas (gaýdyp gelmek) şahadatnamasyny almak üçin ýüz tutmagy meýilleşdirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.