Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB sanksiýalaryň altynjy tapgyrynyň çäginde Russiýa garşy nebit embargosyny girizer


Ursula fon der Leýen ukrain lideri Wolodymyr Zelenski bilen. Kiýew, 8-ni aprel, 2022
Ursula fon der Leýen ukrain lideri Wolodymyr Zelenski bilen. Kiýew, 8-ni aprel, 2022

Ýewropa Bileleşigi Ukrainadaky uruş başlanaly bäri girizýän altynjy sanksiýalar toplumynyň bir bölegi hökmünde, Russiýa garşy nebit embargosyny hem girizmegi meýilleşdirýär.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň çig we arassalanan nebit önümlerini şu ýylyň ahyryna çenli bütinleý gadagan eder diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy 4-nji maýda, Moskwanyň Ukraina goşun sürmegi sebäpli girizilýän sanksiýalaryň altynjy tapgyryny yglan edende aýtdy.

“Biz Russiýadan çig nebit almagymyzy alty aýyň içinde, arassalanan nebit önümlerini almagymyzy ýylyň ahyryna çenli bes ederis” diýip, Ursula won der Leýen Strasburgda, Ýewropa Parlamentine ýüzlenip aýtdy.

"Bu Russiýanyň ähli nebitine, deňiz üsti we geçirijiler arkaly getirilýän, çig we arassalanan importyň doly gadagan edilmegi bolar" diýip, ol aýtdy.

"Bu aňsat bolmaz. Käbir agza döwletler Russiýanyň nebitine gaty garaşly. Ýöne biz munuň üstünde işlemeli bolarys" diýip, won der Leýen bu teklibiň güýje girmegi üçin Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň hemmesi tarapyndan tassyklanylmaly boljakdygyny, şu sebäpden bu meselede gyzgyn çekişmeleriň dörejekdigini hem sözüne goşdy.

ÝB ýurtlarynda Russiýanyň üç sany döwlet teleýaýlymynyň gepleşikleriniň efire berilmegi gadagan ediler, Sberbank we ýene iki uly bank SWIFT bankara aragatnaşyk ulgamyndan aýrylar diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula won der Leýen aýtdy.

XS
SM
MD
LG