Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa, asuda adamlaryň çykmagy üçin, “Azowstaldaky” atyşygy togtadýar


Russiýa gabalan şäherde, “Azowstal” zawodynyň aşagyndaky ýerzeminlerde galan raýatlaryň ewakuasiýa edilmegine mümkinçilik döretmek üçin, 5-nji maýdan başlap, atyşygy üç günlük togtatmak kararyna gelendigni yglan etdi. Ukrain harbylary Azow deňziniň boýundaky strategiki portda bir gün öň “ganly söweşleriň” bolandygyny aýtdylar.

Russiýanyň bu habary Mariupolyň beýleki ýerlerinden 300-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi we ynanmsyzlyk bilen garşylandy. Sebäbi mundan öňki yglan edilen atyşyk togtadylmalarynyň birnäçesi şowsuz gutardy we ukrain tarapy rus goşunlaryny öz hüjümlerini dowam etdirmekde aýypladylar.

Sanksiýalar meselesinde bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň 4-nji maýda Russiýanyň nebitine gadaganlyk girizmek barada eden teklibi Wengriýanyň sagçy lideri Wiktor Orban we rus energiýasyna has kän garaşly bolan bileleşik agzalary tarapyndan bada-bat ret edildi.

W. Orban rus prezidenti Wladimir Putiniň ÝB ýurtlarynyň içindäki iň ýakyn hyzmatdaşy hasaplanylýar.

"Rus ýaragly güýçleri 5-nji, 6-njy we 7-nji maýda, Moskwa wagty bilen sagat 08: 00-dan 18: 00-a çenli "Azowstal” demir zawodynyň töweregindäki asuda adamlary ewakuasiýa etmek üçin ynsanperwerlik koridoryny açar” diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Waşingtonda çykyp gürläp, Moskwanyň ok atmagy togtatmak barada ozal yglan eden şertlerini gaýta-gaýta bozandygyny ýatlatdy.

Şu aralykda, Azow polkunyň serkerdesi Denis Prokopenko zawody hiç wagt tabyn bolmajakdygyny aýtdy. Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk “ýene bir kiçi ýeňşiň gazanylandygyny”, 4-nji maýda Mariupoldan 344 aýal-gyzyň, çagalaryň we garrylaryň sag-aman çykarylandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG