Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň bilermeni Ukrainadan we Russiýadan galla eksportynyň bökdelmeginiň nähili netijelere alyp barjakdygyny duýdurýar


Galla orujy kombaýn Çernigow oblastynyň Krasnoýe obasynyň golaýyndaky meýdanda, ýyglan bugdaýy düşürýär. 2019-njy ýylyň 5-nji iýuly.

BMG-niň iýmit hukugy boýunça ýörite hasabatçysy Maýkl Fakri azyk krizisi barada duýduryş edip, Ukrainada barýan konflikt sebäpli, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ukrainadan we Russiýadan galla eksportynyň geljekki wagtda-da arasynyň kesilmegi dünýäniň käbir ýurtlarynda, şol sanda Ýemende we Efiopiýada açlyk krizisine sebäp bolup biler.

The Guardian neşiriniň BMG-niň statistikasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, Russiýadan we Ukrainadan edilýän galla eksporty köp ýurtlar, şol sanda Müsür, Türkiýe, Bangladeş we Eýran ýaly döwletler üçin möhüm bolup durlar. Sebäbi ol döwletler bu iki ýurduň galla eksportynyň takmynan 60% -ini alýarlar.

The Guardian neşiriniň habar berşine görä, häzirki wagtda Gara deňiz portlarynda, galla daşaýan azyndan 100 gämi petiklenip dur, şeýle hem Ukrainanyň Gara deňziň üsti bilen iberýän bugdaý eksporty togtadyldy.

Düýbi Londonda ýerleşýän Halkara däne geňeşi Ukrainadan galla eksporty üçin alternatiw ugurlaryň, şol sanda ýurduň günbataryndaky demir ýollarynyň çäklidigini we Ukrainanyň galla eksportynyň şu ýyl 48 million tonna azaljakdygyny aýtdy.

Mundan bir aý owal ol geňeş Ukrainanyň takmynan 63 million tonna gallany eksport edip biljekdigini çaklady.

Günbataryň Russiýa garşy berk sanksiýalar girizmegi bu ýurtdan galla eksportyny hem çäklendirdi. Häzirki wagtda Russiýa Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlaryna galla eksportyny wagtlaýyn gadagan etdi.

26-njy aprelde Russiýanyň Oba hojalyk ministrligi galla eksportyny 1-nji iýula çenli wagtlaýyn togtadýandygyny habar berdi. Bu karar halkara guramalarynyň COVID-19 pandemiýasy wagtynda, ýurtlary azyk üpjünçilik zynjyrlaryny bozmazlyga çagyrýan duýduryşlaryna garamazdan kabul edildi.

Ukraina hem öz gezeginde, rus harby çozuşyndan soň çowdary, arpa we galla ýaly birnäçe däneleriň eksport edilmegini gadagan etdi.

Mundan ozal Halkara Walýuta Gaznasy Ukrainadaky söweşler wagtynda, azyk önümleriniň we energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagynyň Afrikada "sosial tolgunyşyklara" sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Galla we ýagly däneli ekinleriniň eksportynyň esasy bölegini Ukraina bilen Russiýa tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG