Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Ysraýylyň premýerinden Lawrowyň Holokost baradaky sözleri üçin ötünç sorady


Sergeý Lawrow

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ysraýylyň premýer-ministri Naftali Bennet bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýewreýler we anti-semitizm barada aýdan sözleri üçin ötünç sorady diýip, Bennetiň edarasy habar berýär.

"Premýer-ministr prezident Putiniň Lawrowyň sözleri üçin soran ötünjini kabul etdi we oňa prezidentiň ýewreý halky we Holokost hatyrasy baradaky garaýşyny düşündirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi" diýip, telefon söhbetdeşliginiň netijesi barada çap edilen habarda aýdylýar.

Kremliň web sahypasynda Russiýanyň prezidentiniň Ysraýylyň premýerinden ötünç sorandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Habarda Putiniň Benneti Ysraýylyň garaşsyzlyk güni bilen gutlandygy we onuň bilen Ukrainadaky uruş, hususan-da Mariupoluň “Azowstal” zawodyndan adamlary ewakuasiýa etmek meselesi barada maslahat edendigi aýdylýar.

Ysraýyl 2-nji maýda Russiýanyň ilçisini çagyrdy we daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň bir gün öň Adolf Gitleriň ýewreý kökleri barada aýdan sözleri üçin Moskwanyň ötünç soramagyny talap etdi.

Lawrow 1-nji maýda italýan teleýaýlymyna interwýu berende ondan, eger ýurduň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýewreý bolýan bolsa, Russiýanyň Ukrainany nädip "nasistsizleşdirmek” gürrüňini edip bilýändigi soraldy.

"Haçan-da olar ‘eger biziň özümiz ýewreýler bolsak, bu nähili nasistsizleşdirme’ diýseler, hawa, Gitleriň hem ýewreý kökleri bardy, şu sebäpden bu hiç zady aňlatmaýar” diýip, Lawrow Italiýanyň “Rete 4” telekanalyna terjimeçiniň üsti bilen beren jogabynda aýtdy.

“Biz eýýäm köpden bäri eşidip gelýäris, 'paýhasly ýewreý halky iň uly antisemitler ýewreýleriň özleridir' diýýär" diýip, Lawrow belledi.

Ysraýylyň daşary işler ministri Ýaýr Lapid şol gün, öz sözleri bilen aýdylsa, "bagyşlap bolmajak, galmagally hem-de aýylganç taryhy ýalňyşlyk" diýip atlandyran sözleri sebäpli, Russiýanyň ilçisiniň "gaty berk gepleşige" çagyryljakdygyny aýtdy.

"Ýewreýler Holokostda öz-özlerini öldürmediler" diýip, Lapid aýtdy. "Ýewreýlere garşy jynsparazlygyň iň pes derejesi ýewreýleriň özlerini antisemitizmde günäkärlemek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG