Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mariupolyň goragçylary 9-njy maýyň öňünden gazaply çaknyşyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar


"Azowstal" goragçylaryny halas etmek üçin herekete geçilmegine çagyrýan adamlar. Zaporižia, 7-nji maý, 2022

Gabalan port şäheri Mariupoly goramagy dowam etdirýän iň soňky ukrain goragçylary 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni baýramçylygynyň öňüsyrasynda simwoliki ýeňiş gazanmaga çalyşýan rus basybalyjylary bilen aldym-berdimli söweşe taýýarlanýarlar.

Iki tarapyň resmileri hem Mariupoldaky polat zawodynda gizlenen raýatlary ewakuasiýa etmek işiniň tamamlanandygyny aýtdylar, ýöne ol ýerde galan söweşijileriň ykbaly belli däl.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 8-nji maýda, Mariupolyň "Azowstal” polat zawodynda galan asuda adamlaryň ählisi ewakuasiýa edilenden soň gaýtadan güýçlenen rus hüjümleriniň arasynda, Kiýewiň Moskwanyň esassyz başlan hüjümine garşy alyp barýan göreşindäki soňky ýagdaýlary maslahatlaşmak üçin G7 liderleri bilen wideo gepleşik geçirer.

Russiýanyň häzir harabalyga öwrülen desgany we strategiki şäheri topa tutmagy dowam etdirýändigine garamazdan, "Azowstal” ewakuasiýasy soňky iki günde güýçlendi.

Ýerasty ötüklerinde we bukularynda gizlenen iň soňky goragçylarynyň rus güýçlerine garşy alyp baran gaýduwsyz söweşleri netijesinde, "Azowstal” bu konfliktde garşy durmagyň we goranyşyň özboluşly bir nyşanyna öwrüldi.

Mundan başga, Mariupolyň basylyp alynmagy Moskwa 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasy bilen gündogar Ukrainada, Kremliň goldaýan separatistleriniň gözegçiliginde galýan sebitler bilen arada gury ýer baglanyşyny gurmak mümkinçiligini berer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG