Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanlylar bahalaryň ýokarlanmagy baradaky "ýalan maglumatlar" üçin jogapkärçilige çekiler


Bişkek şäherindäki Oş bazary. Arhiwden alnan surat.
Bişkek şäherindäki Oş bazary. Arhiwden alnan surat.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministri Ulan Niýazbekow milisiýa işgärlerine azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we esasy zerur harytlaryň bahasy barada ýalan maglumatlary ýaýradýanlary ýüze çykarmak we jogapkärçilige çekmek barada buýruk berdi.

Bu barada ministr 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri barada, Içeri işler ministrliginiň işgärlerine hasabatynda aýtdy.

Niýazbekow bu meseläniň her bir jogapkärli ýolbaşçy tarapyndan aýratyn gözegçilik astynda saklanmalydygyny aýratyn tabşyrdy. Ykdysady ýagdaý we ol ugurda alnyp barylýan işler barada, "jikme-jik hem ygtybarly" maglumatlary wagtal-wagtal ilatyň dykgatyna ýetirmegi buýurdy.

Ulan Niýazbekow
Ulan Niýazbekow

“Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň halkynyň arasynda giň gerimli düşündiriş işlerini geçirmek zerur. Alada galmaga hiç hili sebäbiň ýokdugyny, ýurduň ähli ykdysady synaglara taýýardygyny, ammarlarda we gor saklanýan ýerlerde azyk we oba hojalyk önümleriniň ýeterlikdigini düşündirmeli" diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy onuň sözüni sitirleýär.

Ministriň bu buýrugy halk arasynda uly seslenme döretdi. Emma Içeri işler ministrliginiň Weteranlar geňeşiniň başlygy Soltan Žooşbaýew häzirki şertlerde beýle tabşyrygy ýerlikli hasaplaýar.

“Hiç kim biz ýaly, prezidentiň görkezmelerini ýa-da mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary halka ýetirip bilmez. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri ilat bilen ýakyndan işleşýärler. Belki, şonuň üçinem ministr şeýle buýruk berendir. Bir tarapdan, bu dogry. Ony halka bizden başga kim aýdyp biler? Milisiýanyň üstüne jemgyýet tertibini goramak jogapkärçiligi ýüklenendir. Ministriň düşündiriş işlerini geçirmek tabşyrygy käbir belli güýçleriň ýagdaýdan peýdalanmazlygy üçin berildi" diýip, Žooşbaýew pikir ýöredýär.

Milisiýa işgärleriniň ministriň adyndan, eýýäm ýerlerde düşündiriş işlerini alyp barýandygyny Içeri işler ministrligi habar berdi. Ýalan maglumatlary ýaýratmak faktlary ýüze çykarylan halatynda, oňa çäre görüljekdigi aýdylýar.

Aktiwist Adil Turdukulow Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň buýrugyny ygtyýarlykdan hyýanatçylykly peýdalanmak diýip hasaplaýar. Onuň pikirine görä, bahalaryň ýokarlanmagy baradaky şikaýatlar üçin jogapkärçilige çekmek milisiýanyň ygtyýaryna girmeýär.

Adil Turdukulow
Adil Turdukulow

“Bu, häkimiýetleriň ykdysady krizise taýyn däldigini görkezýär. Olary hatda howsala düşen ýaly hasaplamak mümkin. Gysga wagtyň içinde, bahalar köp ýokarlandy we häkimiýetler tarapyndan görülýän çäreler ýeterlik däl ýaly. Biz olaryň administratiw basyşlara nähili ýüz tutýandyklaryny görýäris. Munuň özi hiç bir gowulyga eltmez" diýip, Turdukulow hasap edýär.

Bütindünýä banky aprel aýyndaky synynda, Gyrgyzystanda inflýasiýanyň ýylyň ahyryna çenli 18%-e ýetip biljekdigini çaklady. Mundan ýokary diňe 2010-njy ýylda – ýurtda nobatdaky zorlukly hökümet agdarylyşygyndan hem-de ýurtda milletara konfliktden soň ýüze çykypdy. Institutyň duýdurmagyna görä, daşardan pul geçirimleriniň azalmagy, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy hem-de ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda iş mümkinçiliginiň azalmagy garyplygyň hasam ýokarlanmagyna getirip biler.

Gyrgyzystanda soňky 10 ýylda bahalaryň iň ýokary derejede ýokarlanmagyna garaşylýar

Aziýanyň Ösüş Bankynyň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2022-nji ýylda Gyrgyzystanda, esasan ýangyjyň we gazyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy sebäpli, azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalary 15% ýokarlanyp biler.

Şeýle şertlerde milisiýa işgärleriniň hereketleri jemgyýeti diňe gaharlandyryp biler diýip, ykdysatçy Erkin Abdrazakow duýduryş berýär:

Erkin Abdrazakow
Erkin Abdrazakow

"Ykdysady çökgünlik, bahalaryň ýokarlanmagy bütin dünýäde bolup geçýär. Gyrgyzystan öz ilatyny ähli zerur harytlar bilen üpjün edip biljek derejede däl. Bu ýagdaýda iň möhüm harytlaryň bahasynyň ýokarlanýandygy belli zat. Muny hemmeler görýär. Hiç kim munuň üçin döwletiň günäkärdigini aýtmaýar. Döwlet edaralary azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada gürleşmegiň ýerine, ilaty geplemez ýaly etmek isleýär. Ýagdaý syýasy tekizlige öwrülende, ol nädogry hereketiň ýaramazlyga öwrülmegi mümkin" diýip, Erkin Abdrazakow aýdýar.

2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasynyň fonunda, birnäçe raýat Facebook’da prezidentiň adyna eden tankytlary üçin, ötünç soramaga mejbur boldy we ötünç soramakdan ýüz öwrenlere garşy jenaýat işi açyldy.

Şonda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň ýolbaşçysynyň adyna töhmet we ýalan maglumat ýaýradýanlaryň hereketlerine kanuny baha bermäge borçludygyny mälim etdi. Hususan-da, güýç ulanyjy edara döwletiň syýasy durnuklylygy üçin, barlyşyksyz pikirleri aýdýanlara hem-de kemsidiji sözleri ulanýanlara garşy durmagyň we oňa kanuny baha bermegiň möhümdigini öňe sürdi.

Prezident Sadyr Žaparow mundan ozal bahalaryň ýokarlanmagyna ünsi çekip, gyrgyzystanlylary çykdajylara täzeden garamaga, gymmat bahaly zatlary satyn almakdan saklanmaga, toýlary geçirmezlige we “biderek ýere pul harçlamazlyga” çagyryş edipdi.

Sadyr Žaparow
Sadyr Žaparow

“Häzirki wagtda ýagdaýyň kyndygyny men bilýärin. Bar ýerde gymmatlaşyk barýar. Bahalar ýokarlandy. Işsizlik saklanyp galýar... Soňky wagtlarda dünýäde bolup geçýän wakalar sebäpli, ýagdaý hasam erbetleşip biler. Biz muňa taýyn bolmaly" diýip, ýurduň prezidenti aýtdy.

Şeýle hem prezident ýas çärelerinde mal soýmagy gadagan edýän karar çykardy. Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystanda ýas çäreleri "dabaralara öwrülýär".

Žaparow: "Garyp maşgalalar baýlara bäsleşjek bolup, gerekmejek abraýa baş goşup, öz hossaryny soňky ýolunda ugratmak üçin, ýeke-täk sygryny soýup, ýas tutýar, özleri-de hiç zatsyz galýan ýagdaýy bolýar" diýip, Žaparow aýtdy.

Prezident ýerli häkimiýetlere ilat bilen maglumat we düşündiriş işlerini alyp barmagy hem-de bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mart aýynda Gyrgyzystanda sosial-ykdysady kynçylyklara gyssagly derejede jogap bermek üçin, Krizise garşy komitet döredildi, şeýle hem käbir oba hojalyk önümleriniň ýurtdan eksport edilmegine wagtlaýyn gadaganlyk girizildi, munuň özi "ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we azyk önümleriniň bazar bahalaryny durnuklaşdyrmak üçin" edilýär diýlip düşündirildi.

Şol sebäplere görä, ýurduň monopoliýa gözegçilik gullugy sosial taýdan möhüm iýmit önümleri üçin, bahalaryň "esassyz" ýokarlanmagynyň öňüni almak barada, düşündiriş bermek bilen reýd geçirdi. 15-nji martda prezident Sadyr Žaparow 1000 tonna şeker we 500 müň litr ösümlik ýagyny ätiýaçda saklamak barada tabşyryk berdi.

Maý aýynyň başynda, monopoliýa gözegçilik gullugy ýurtda haryt ýetmezçiliginiň ýokdugyny we bahalaryň durnuklaşandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG