"Möhüm hekaýalar" internet neşiri, CNN telekanalynyň görkezen wakasyndan Ukrainada iki sany ýaragsyz parahat ýaşaýjynyň öldürilmegine mümkin gatnaşygy bolan rus esgeriniň şahsyýetini anyklady.
12-nji maýda CNN Kiýewiň etegindäki awtoulag söwda merkezinde 16-njy martda kameralaryň eden ýazgysyny çap etdi. Bu wideoýazgyda rus esgerleriniň awtoulag söwda merkezine girmäge synanyşýandygyny görmek mümkin. Salonyň eýesi we goragçy ellerini ýokary galdyryp, olara ýakynlaşýar. Erkekler gysga gepleşiklerden soň olary goýberýärler. Şol pursatda iki esger gaýdyp gelýär we olary arkasyndan oka tutýar. Aýagyndan ýaralanan 68 ýaşly howpsuzlyk işgäri Leonid Plýats howpsuzlyk postuna baryp, kömek sorap bildi, ýöne tiz kömegiň baran wagty gan ýitirip ýogaldy.
"Möhüm hekaýalara" görä, bäş rus esgeriniň biri 29 ýaşly Dmitriý Lapşakowdyr. Ol awtoulag satyjysynyň ofisinde, beýleki harby adamlar bilen gürleşip, spirtli içgileri içdi we gözegçilik kamerasynyň birini pulemýot bilen döwdi. Şeýle-de bolsa, neşiriň habaryna görä, CNN-yň görkezen wideosy Lapşakowyň parahat ilaty atan esgerlerden biridigini ýa-da ýokdugyny anyklamaga mümkinçilik bermedi.
Žurnalistler Lapşakowyň "Odnoklassniki" ulgamyndaky sahypasynda onuň dogduk obasy barada maglumat tapdylar, harby soňky wagta çenli Çitanyň Pesçanka obasynda ýaşapdyr. Lapşakow, şeýle hem, Ukrainadaky söweş jenaýatlaryna gatnaşmagy güman edilýän rus esgerleri barada peýda bolan başga bir wideoýazgyda hem göründi. Bu ýazgy, Bihus.Info ukrain neşiri tarapyndan neşir edildi. Anyklanan maglumatlardan çen tutulsa, Lapşakow "21250-B" harby bölümde mehanik we tank sürüjisi bolup gulluk edýär.
Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň CNN telekanalyna beren habaryna görä, Kiýewiň golaýynda iki ýaşaýjynyň rus harbylary tarapyndan öldürilmegi uruş jenaýatlary hökmünde derňelýär. Teleýaýlym Russiýanyň Goranmak ministrliginden düşündiriş sorady, ýöne ministrlik žurnalistleriň soraglaryna jogap bermedi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.