Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa NATO-nyň infrastrukturasy Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň gurama goşulmagyna jogap bolar diýýär


NATO-nyň baýdagy

Finlýandiýa we Şwesiýa NATO agzalygyna ýüz tutmaga taýyn ýaly görünse-de, Russiýa Demirgazyk ýurtlarynyň Günbatar harby bileleşigine goşulmagyna beren jogabynyň, öz çäginde ýerleşýän NATO harby infrastrukturasynyň görnüşine baglydygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko 14-nji maýda Moskwada žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO goşulmagynyň strategiki üýtgeşmäni talap etjekdigini we NATO-nyň ýadro güýçleri Russiýanyň serhedine has ýakynlaşsa, Kremliň "degişli çäreleri görjekdigini" aýtdy.

Gruşko Russiýanyň Finlýandiýa we Şwesiýa garşy duşmançylykly niýetiniň ýokdugyny aýdy. Fewral aýynda Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyndan soň bu adaty bitarap ýurtlarda NATO goşulmak üçin goldaw artdy. Russiýa, Ukrainanyň NATO goşulmak islegini urşuň esasy sebäbi hökmünde görkezdi.

Finlýandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto NATO "haýal etmän" goşulmagyny goldady we munuň Russiýa bilen 1300 kilometrlik araçägi bolan ýurduň howpsuzlygyny güýçlendirjekdigini aýtdy.

Bileleşigiň agzalarynyň köpüsi, adatça bitarap bolup galýan Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arzalaryny goldaýandyklaryny mälim etdiler. Emma Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan olaryň agza bolmagy barada Ankarada "oňyn pikiriň" ýokdugyny 13-nji maýda aýtdy.

Prezident Jo Baýden Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň liderleri bilen 13-nji maýda geçirlen telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň we bu ýurtlaryň arasyndaky "ýakyn howpsuzlyk we goranyş hyzmatdaşlygyny" belläp geçdi. Baýden, Russiýanyň Ukraina dowam edýän harby hüjümi wagtynda Helsinkiniň we Stokgolmyň NATO goşulmak baradaky tekliplerini goldady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG