Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen-Amerikan hyzmatdaşlygynyň syýasy-ykdysady ugurlary maslahatlaşyldy


Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň diplomatik gullugynyň baş direktory Kerol Peres we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy diýip, Türkmen DIM-i 15-nji maýda habar berdi.

Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou hem gatnaşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler; syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar diýip, habarda anyklaşdyrylmazdan habar berilýär.

Şeýle-de duşyşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere üns berllip, bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn üns berdiler diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasynda çap edilen habarda hiç bir jikme-jiklige geçmezden aýdylý.

“Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti bellenildi” diýip, türkmen DIM-i ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG