Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene 490 etniki gazak Türkmenistany hemişelik terk edip, Gazagystana göçýär


Türkmenistandan Gazagystana hemişelik dolanan etniki gazaklar Žanözen demir ýol menzilinde garyndaşlary tarapyndan garşy alynýar. 13-nji maý, 2021 ý. Žanözen. Gazagystan.
Türkmenistandan Gazagystana hemişelik dolanan etniki gazaklar Žanözen demir ýol menzilinde garyndaşlary tarapyndan garşy alynýar. 13-nji maý, 2021 ý. Žanözen. Gazagystan.

490 türkmenistanly etniki gazak iýunyň başynda Türkmenistany terk edip, Gazagystana hemişelik göçüp barar. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri “Türkmendemirýollary” agentligine salgylanyp, habar berýär.

Neşire görä, 2-nji iýunda “Türkmendemirýollary” agentligi “Türkmenbaşy – Bereket – Serhetýaka – Bolaşak” ugry boýunça ýörite otly gatnawyny gurnaýar. Bolaşakda gazak lokomotiwi türkmen otlysynyň ýolagçylaryny kabul edip alar. Maglumata görä, ýolagçylar Žanözen demir ýol menzilinde düşüriler.

Türkmen neşirine görä, bu çäre Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň haýyşy esasynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 11-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Gazagystanyň hökümeti daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan etniki gazaklaryň ýurda hemişelik göçüp barmagyna mümkinçilik hödürleýän ýörite maksatnamany durmuşa geçirýär. Bu maksatnama laýyklykda Gazagystana hemişelik göçüp barmaga isleg bildirýän daşary ýurtlardaky etniki gazaklar “kandas” statusyna eýe bolýarlar.

Türkmen dilinde “asyldaş” diýen manyny aňladýan “kandas” statusy daşary ýurtlardan Gazagystana hemişelik dolanan etniki gazaklara berilýär.

Turkmen.news neşirine görä, 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýaşaýan 70 töweregi etniki gazak türkmen raýatlygyndan el çekdi.

Azatlyk Radiosy mundan ozal 2021-njy ýylda 200-den gowrak etniki gazagyň Türkmenistany terk edip, Gazagystana hemişelik göçüp barandygyny habar berdi.

Azatlygyň bular barada taýýarlan wideo reportažynda Gazagystanyň “kandas” statusyna dalaş edýän Türkmenistanyň öňki raýatlary öz ýürek buýsançlaryny beýan edip, “şatlykdan bogazlarynyň dolandygyny” gürrüň berdiler.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary mundan ozal Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berdiler.

2018-nji ýylyň awgustynda Azatlyk ilkinji gezek ýurduň kanun goraýjy edaralarynda badalga berlen “türkmenleşdirme” prosesi barada habar berdi.

Şonda habarçymyz Daşoguz welaýatynyň kanun goraýjy düzümlerinde zähmet çekýän we etniki taýdan gelip çykyşy türkmen bolmadyk howpsuzlyk işgärleriniň pasport maglumatlarynyň mejbury üýtgetdirilýändigini we olaryň milletiniň türkmen diýlip ýazdyrylmagynyň talap edilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň entiki gazak raýatlary geçen ýyl Gazagystana hemişelik dolananlarynda kameralaryň öňüne geçip, özleriniň bogazlarynyň dolandygyny gürrüň berdiler.

“...Meniň şatlykdan bogazym doldy. Sebäbi men göçüp geldim, bagtly. Men uzak, bir ýyl iki aý garaşdym. Maňa agtygym, gyzym tutuş bir ýyllap garaşdy” diýip, Karşyga atly türkmenistanly gazak ilkinji gezek Gazagystana hemişelik “kandas” hökmünde aýak basandan soňra, Azatlygyň habarçylaryna gürrüň berdi.

"Şatlykdan bogazym doldy". Türkmenistandan gelen gazaklar öz topraklaryna aýak basdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:25 0:00

Göçegçileriň geçen ýyldaky tapgyry dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly girizilen halkara hereket çäklendirmeleriniň dowam edýän wagtyna gabat geldi. Şeýle çäklendirmeleriň arasynda Türkmenistany demir ýol arkaly terk etmegi başaran etniki gazaklar öz ata watanlaryna gowuşmagyň şatlygyny paýlaşdylar.

“Ajaýyp duýgy, biz örän şat. Öz garyndaşlarymyzyň ýanyna, ata watanymyza gelenimize begenýäris” diýip, Zeýneş atly türkmenistanly gazak geçen ýyl Azatlygyň kamerasyna gürrüň berdi.

Gazak metbugaty 2021-nji ýylyň noýabrynda daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan 16 müň etniki gazagyň “kandas” statusyna eýe bolandygyny habar berdi.

Bu aralykda, daşary ýurt raýatlygy bolan etniki türkmenler, şol sanda Demirgazyk Owganystanda we Eýranda ýaşaýan türkmenler öz ýaşaýan ýurtlarynda çäklendirmelere we basyşlara sezewar bolýandyklaryny, galyberse-de, öz ata watanlary hasaplaýan Türkmenistana arkaýyn gidip-gelmekde kösenýändiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky etniki türkmenlere ýeterlik ýardam bermezlikde we olary ýeke goýmakda aýyplanýar.

Gazagystana hemişelik göçüp barýan daşary ýurt döwletlerindäki etniki gazaklar garaşsyzlygyň irki ýyllaryndan başlap, “oralman” atlandyrylýardy, ýöne 2019-njy ýylda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ata watanlaryna dolanyp barýan etniki gazaklara berilýän ýörite statusyň adyny “kandas” diýip üýtgetmegi teklip etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG