Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň güýç edaralarynda ‘Türkmenizasiýa’ prosesi bat aldy


Türkmen pasporty (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen pasporty (Illýustrasiýa suraty)

Daşoguz welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň düzümlerinde işleýän etniki milleti türkmen bolmadyk işgärleriň we ýokary wezipeli adamlaryň milleti pasportda türkmen diýlip mejbury üýtgetdirilýär. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçysy güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

“Daşoguzda ‘organda’ işleýän [etniki] milleti türkmen bolmadyk işgärleriň hem-de wezipeli adamlaryň milleti mejbury türkmen diýip üýtgetdirilýär. Bu habary Daşogzuň şäher prokuraturasynda, polisiýa edaralarynda, şeýle-de etraplaryň sud-prokuratura edaralarynda işleýän ençeme işgär we gullukçy tassyklady” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu prosese şu ýylyň başynda bat berildi.

“Şu ýylyň başyndan bäri, [etniki] milleti türkmen bolmadyk “organ” işgärlerinden [pasportda] türkmen milletini kabul etmek barada ýokardan dilden tabşyryk berlipdir” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, güýç edaralarynyň ýolbaşçylary bu teklibiň kabul edilmedik ýagdaýynda degişli gullukçylaryň işlerinden boşadylmak ähtimallygyny ýatladypdyr:

“Pasportlaryňyzda milleti türkmen diýip ýazdyrmasaňyz, işiňizden boşamak baradaky arzaňyzy ýazaýmasaňyz, meniň elimden gelýän zat ýok” diýip, edaralaryň käbir ýolbaşçylary garamagyndaky degişli işgärlere ýüzlenýär.

Türkmenistan döwletiniň raýatlara berýän içerki pasportynda onuň eýesiniň etniki milletini görkezýän madda heniz aradan aýrylmady. Ýöne türkmenistanlylaryň daşary ýurda çykmagyna we ol ýerde galmagyna mümkinçilik berýän biometriki pasportlarynda olaryň eýeleriniň etniki milleti görkezilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy ýaly iri döwletleriň öz raýatlaryna berýän pasportlarynda resminamanyň eýesiniň degişli bolan etniki milleti däl-de raýatlygy görkezilýär.

Eýsem, demirgazyk Türkmenistanda dilden bat berlen bu täze talabyň diňe güýç edaralarynda işleýän başga milletden bolan türkmenistanlylara degişlidigi ýa-da däldigi, bu görkezmäniň beýleki pudaklarda zähmet çekýän türkmenistanlylary öz içine alyp almaýandygy nämälimliginde galýar.

Maý aýynyň başynda Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmesi Daşoguz welaýatynda şäher we etrap häkimlikleriniň tabşyrygy bilen regionyň çäginde ýaşaýan özbekleriň we türkmenleriň sanyny anyklamak boýunça ilat ýazuwynyň geçirilýändigini habar beripdi. Ol şonda bu çäreleri häkimiýetleriň welaýatda özbek mekdebini açmak ähtimallygy bilen ilteşdiripdi. Daşoguzda milleti özbek bolan azlyk toparlary kowçum bolup ýaşaýar.

“Işden boşamakdan gorkan “organ” işgärleriniň ählisi öz milletinden geçip, pasportlaryny üýtgetmäge mejbur bolupdyr” diýip, habarçy güýç edaralaryndaky gürrüňdeşlerine salgylandy.

“Indi bu täzelikde türkmen atlandyrlan raýatlaryň maşgala agzalarynyň, ene-atalarynyň we dogan-garyndaşlarynyň pasportlarynda-da olaryň milletlerini türkmen diýip üýtgetmek talap edilipdir” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Synçylar Türkmenistanyň döwlet tejribesinde raýatlaryň şahsyýetini görkezýän resminamalarda pasportyň eýesiniň “milletini” görkezmek bilen, olaryň degişli bolan milli etniki toparynyň göz öňünde tutulýandygy, ösen döwletleriň tejribelerinde bolsa pasportyň eýesiniň “milleti” diýmek bilen, olaryň raýatlygynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtaýarlar.

Azatlygyň habarçysy gürrüňi edilýän meseläniň sebäpleri bilen gyzyklanyp, paýtagtly alymlar bilen, özüniň ýokary wezipeli tanyşlary bilen aragatnaşyga geçendigini mälim etdi.

Habarçynyň paýtagtly söhbetdeşleri bu täze girizilýän talaplaryň Türkmenistan döwletiniň dolandyrylmagynda içgin rol oýnaýan ýurt baştutanynyň ýakyn töweregindäki sanagly adamyň teklibidigini öňe sürüpdirler.

“Halkynyň deň ýary daşary ýurda çykan türkmenleriň yzyna dolanmajagy belli, şol sebäpden, Türkmenistanda öňden bäri ýaşap gelýän ýerli özbekleri, gazaklary we beýlekileri türkmenleşdirip, olary göçüp gitmekden saklamagy maksat edinýärler. Serhedi goramak üçin hem adam gerek, olaram göçüp gitseler ýurtda adam galmaýar. Onsuzam Türkmenistanda maýyplar, pensionerler, çagalar we býujetde işleýän sanlyja adamlar galdy, esasy halkymyz Türkiýede, Orsýetde, Dubaýda çörek gözleginde” diýip, Azatlygyň çeşmesi sözüni jemledi.

Daşary ýurda hemişelik, ýa-da wagtlaýyn göçen türkmenistanlylaryň anyk sany boýunça resmi statistiki maglumatlar elýeterli däl.

Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly döwlet edaralarynda işe girmek üçin henizem “üç arka” talabynyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Bu talaba laýyklykda döwlet edarasynda işe girýän türkmenistanlylar özleriniň üç arkasy, birinji derejeden ýakyn dogan-garyndaşlary barada maglumatlary işe girýän edarasyna tabşyrmaly.

XS
SM
MD
LG