Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

SpaceX: Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygy Türkmenistanda 2023-nji ýylda elýeterli bolar


Illýustrasiýa suraty

Emeli hemra arkaly Internet aragatnaşygyny hödürleýän SpaceX kompaniýasynyň Starlink Internet hyzmatlary Türkmenistanda 2023-nji ýylda elýeterli bolar. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Starlinkiň resmi websaýtyna salgylanyp habar berýär.

13-nji maýda täzelenen dünýä kartasyna görä, SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygyny Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda öňümizdäki ýylyň dowamynda elýeterli etmegi meýilleşdirýär.

Elektrik energiýasy bilen işleýän Tesla awtoulaglary bilen uly meşhurlyk gazanan miliarder Elon Maskyň eýeçiligindäki SpaceX kompaniýasy Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygy arkaly, hususan-da, dünýäde Internet aragatnaşygy pes bolan sebitleri global tor bilen üpjün etmegi maksat edinýändigini aýdýar.

SpaceX ilkinji gezek global emeli hemra Internet hyzmatlaryny 2015-nji ýylda yglan etdi.

Düýbi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän SpaceX kompaniýasy özüniň emeli hemra Internet taslamasynyň çäginde şu wagta çenli Ýeriň orbitasyna 2 müň 200-den gowrak emeli hemra uçurdy. Kompaniýanyň Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygy häzirki wagtda dünýäniň 32 ýurdunda elýeterlidir.

Metbugat habarlaryna görä, kompaniýa soňy bilen Ýeriň orbitasyna 42 müň Starlink emeli hemrasyny ibermegi maksat edinýär.

Kompaniýa 13-nji maýda ýene 53 sany emeli hemranyň orbita üstünlikli iberilendigini tassyklady.

Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygy nähili işleýär?

Dünýäde Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygynyň elýeterli bolan sebitleriniň ýaşaýjylary kompaniýanyň hödürleýän ýörite kabul edijisini satyn alyp, ony öýlerinde ýa-da iş ýerlerinde gurnaýarlar. Bu kabul ediji Ýeriň orbitasynda hereket edýän Starlink emeli hemralaryna baglanyp, global Internet toruna birikýär.

Sistemanyň işleýiş tertibi adamlaryň emeli hemra arkaly telewizion kanallara tomaşa etmek mümkinçiligine meňzeýär. Meselem, Türkmenistanyň “TürkmenÄlem” emeli hemrasynyň signalynyň elýeterli bolan ýurtlarynda adamlar kabul edijiler arkaly türkmen teleýaýlymlaryna tomaşa edip bilýarler. Kabul ediji türkmen kanallarynyň signalyny “TürkmenÄlem” emeli hemrasynyň üsti bilen kabul edýär. Edil şolar ýaly, SpaceX kompaniýasynyň emeli hemra Internet aragatnaşygy elýeterli bolan ýurtlarda öýünde ýa-da iş ýerinde Starlinkiň kabul ediji enjamyny oturdan adamlar global Internet toruna baglanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Düşündiriş maglumatlaryndan çen tutulsa, ýerli aragatnaşyk edaralary kosmosdan hödürlenýän emeli hemra Internet aragatnaşygyna päsgel berip bilmeýär. Ýöne Reuters habar agentliginiň 10-njy maýda çap eden habaryna görä, meselem, Russiýa goňşy Ukrainanyň üstüne amala aşyrýan harby çozuşlarynyň arasynda Ukrainanyň Starlink aragatnaşyk mümkinçiliklerine päsgel bermäge çalyşýar.

Ýatlasak, Teslanyň gurujysy Elon Mask fewralyň ahyrynda, ukrain häkimiýetleriniň haýyşlaryna jogap hökmünde, Ukrainanyň çäginde Starlink emeli hemra Internet mümkinçiliginiň elýeterli edilendigini mälim etdi.

Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygynyň tizligi, kompaniýanyň resmi beýanatyna görä, sekuntda 50 megabitden (50 mb/s) sekuntda 150 megabite (150 mb/s) çenli üýtgeýär. Şeýle-de, habarlara görä, standard Starlink emeli hemra Internet aragatnaşygynyň aýlyk tölegi takmynan 110 dollara barabardyr.

Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

Türkmenistanyň ýeke-täk Internet prowaýderi “Türkmentelekom” bolup, ýurduň çäginden Internet ulgamyna baglanmak isleýän ulanyjylar häli-şindi pes tizlikden ejir çekýär.

Türkmen häkimiýetleriniň Internet gözegçiligi soňky aýlarda has-da güýçlendi, ýurtda VPN hyzmatlary yzygiderli petiklenýär.

Britaniýanyň Cable.co.uk neşiriniň barlagçylary geçen ýylyň sentýabrynda dünýäde iň haýal we iň gymmat internet aragatnaşygynyň Türkmenistanyň raýatlaryna hödürlenýändigini anyklady.

Synçylara görä, global emeli hemra Internet taslamasy türkmen raýatlary üçin örän özüne çekiji ýaly bolup görünse-de, onuň bahasy dünýädäki iň bir ýapyk ýurduň ýaşaýjylary üçin gymmat boljaga çalym edýär.

110 dollar Türkmenistanda dollaryň resmi alyş-çalyş kursy boýunça 385 manada, gara bazar nyrhy boýunça takmynan 2 müň 200 manada barabardyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG