Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şwesiýa NATO agzalygy meselesinde Finlandiýa goşulýar, Putin duýduryş berýär


Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen baglylaykda, Şwesiýa NATO ýaranlygyna agzalyk üçin ýüz tutmak meselesinde Finlandiýa goşuldy, prezident Wladimir Putin günbatar bileleşiginiň iki demirgazyk ýurduň hasabyna giňelmek mümkinçiligine Moskwanyň “gürrüňsiz” reaksiýa bildirjekdigini aýtdy.

"Hökümet Şwesiýanyň bileleşigiň agzasy bolmak isleýändigini NATO ýaranlygyna habar bermek kararyna geldi. Şwesiýanyň NATO-daky ilçisi gysga wagtda NATO-ny habardar eder" diýip, premýer-ministr Magdalena Andersson 16-njy maýda žurnalistlere Şwesiýanyň iki asyrlyk goşulmazlyk durumyndan netijeli çekilýändigini aýtdy.

Russiýa, eger-de biz "NATO goşulsak, garşylyklaýyn çäreleri görjekdigini" aýtdy diýip, Andersson nädogry maglumat bermek, şwesiýalylary gorkuzmak we bölmek synanyşyklaryň hem aradan aýrylyp bilinmejekdigini sözüne goşdy.

Bu göçüm Russiýa bilen 1300 kilometr araçägi bolan Finlandiýanyň NATO ýaranlygyna goşulmak barada gelen kararyny yglan etmeginiň bir gün soňundan edildi.

Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto we premýer-ministr Sanna Marin parlament bilen maslahatlaşandan soň, öz ýurtlarynyň NATO agzalygy üçin haýal etmän ýüz tutmak kararyna gelendigini aýtdylar.

Putin 16-njy maýda Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO-a goşulmak kararyna howp hökmünde garamaýandygyny, ýöne ol ýurtlardaky harby infrastrukturanyň üýtgemegine Moskwanyň gürrüňsiz jogap bermeli boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG