Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kagyz gaplaň ýa-da harby-syýasy bileleşik. KHŞG-niň 30 ýyllyk işi


KHŞG-niň parahatçylygy berkarar ediji güýçleri Gazagystanda. 2022-nji ýylyň ýanwary.
KHŞG-niň parahatçylygy berkarar ediji güýçleri Gazagystanda. 2022-nji ýylyň ýanwary.

Mundan 30 ýyl ozal Täjigistanda başlanan raýat urşunyň fonunda, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy döredildi, şol esasda hem ol harby bileleşigiň (KHŞG) işi ýola goýuldy.

30 ýyl bäri kagyz ýüzünde şertli rol oýnap gelen bu gurama Gazagystanda ýanwar aýynyň başynda ýüze çykan tolgunyşyklardan soň, başga bir çynlakaý statusa eýe boldy.

Nähili-de bolsa, bilermenleriň pikirine görä, ukrain wakalary göz öňünde tutulanda, KHŞG-niň geljegi Moskwanyň üstünliklerine ýa-da şowsuzlygyna bagly bolar.

1992-nji ýylyň 15-nji maýynda Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Daşkentde Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasyna gol çekdiler, soňra oňa Azerbaýjan, Belarus we Gürjüstan goşuldy. Şondan iki ýyl geçip, 1994-nji ýylda tassyklamak prosedurasyndan soň, şertnama bäş ýyl möhlet bilen güýje girizildi. 1999-njy ýylda Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan şertnamanyň möhletini uzaltmak baradaky protokola gol çekdiler. Beýleki ýurtlar bolsa şertnama gatnaşmagyny togtatdylar. Ýeke-täk kadadan çykma Özbegistan bolup, ol 2005-nji ýylda bu topara ýaňadan goşuldy, ýöne 2012-nji ýylda ony terk etmek kararyna geldi.

Şertnama laýyklykda, ol döwletleriň biri agressiýa sezewar edilse, gurama gatnaşyjy ähli taraplara garşy agressiýa hökmünde kabul edilip, bu BMG-niň degişli kanunlary esasynda, köpçülikleýin goranmak hukugyny saklamaga eýe bolmaly.

Bu şertnama 2002-nji ýyla çenli harby-syýasy ugurda, sebitleýin ylalaşyk hökmünde häsiýetlendirilen bolsa, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Geňeşi 2002-nji ýylyň maý aýynda, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasyna halkara sebit guramasynyň statusyny bermek kararyna geldiler.

Guramanyň şol döwürden bäri alyp barýan işlerini seljerip, käbir bilermenler ony NATO-nyň mysalyndaky şoňa meňzeş harby-syýasy blok hasaplaýar, beýlekileri bolsa Russiýanyň bähbitlerini ýokarlandyrmak üçin syýasy gural hasaplaýarlar.

Guramanyň çeşmeleri

“KHŞG-ni rus integrasiýa modelleriniň biri hasaplamak mümkin. Russiýa post-Sowet giňişliginde möhüm rol oýnaýar we şoňa laýyklykda bu guramanyň takmynan 90% harby güýçleri, şeýle hem maliýe çeşmeleri Russiýanyň üpjünçiliginde durýar" diýip, garaşsyz syýasat bilermeni Parwiz Mullojanow belleýär. Bilermeniň aýtmagyna görä, geçen ýyllaryň dowamynda, Gurama agza ýurtlaryň hiç birine daşardan nähilidir bir çynlakaý howp abanmadygy sebäpli, harby bileleşigiň wezipesi pese gaçdy we ol syýasy bileleşige ýol açdy.

2001-nji ýylda, KHŞG-niň çäginde Merkezi Aziýa sebitiniň Kollektiwleýin çalt reaksiýa güýçleri (5 müň harby gullukçy) emele geldi, 2007-nji ýylda parahatçylygy goraýyş güýçleri (3600) we 2009-njy ýylda Kollektiwleýin çalt reaksiýa güýçleri (5 müň) döredildi. Şeýle-de bolsa, ol bölümlerde hemişelik ýerleşmek mümkinçiligi ýok, ol diňe her bir KHŞG agza ýurtdan nominal sanly harby gullukçydan durýar.

KHŞG ýurtlarynyň goşunynyň umumy sany 1 million 256 müň, olaryň 80% -i rus harby gullukçylarydyr. 2020-nji ýylyň maglumatlara görä, guramanyň býudjeti takmynan 429 million rus rubly ýa-da 6 million 383 müň dollar boldy.

Deňeşdirmek üçin aýtsak: NATO-nyň harby gullukçylarynyň sany 3 million 462 müň adam, olaryň arasynda Amerikan harby güýçleri 40%-i düzýär. Mundan başga-da, 2020-nji ýylda NATO-nyň harby çykdajylary 1,107 trillion dollar boldy.

KHŞG-ni tankytlaýanlar, onuň çeşmeleriniň aşa garyplygyndan başga-da, ol blokda ýagdaýy öwrenip duran merkezleriň bolmazlygyny, harby barlag gullugynyň, dolandyryş ştabynyň, sebit merkezleriniň, harby türgenleşik merkezleriniň, umumy barlag ugurlarynyň we ş.m. ýoklugyny görkezýärler. Beýle ýagdaý blogyň dolandyrylyşyny we agzalarynyň özara täsirini gowşadýar.

Güýç synaglary

Syýasy synçy Marat Mamadşoýew KHŞG-niň dowam eden döwürlerinde, özüni aýratyn bir gowy görkezip bilmändigini aýdýar, oňa agza ýurtlar bilen baglanyşykly birnäçe gapma-garşylyk bolup geçse-de, konfliktleri çözmekde guramanyň asla goşandy bolmady. “Gurama hiç bir jähitden ähmiýetli ýa-da abraýly bolup bilmedi. Munuň esasy sebäbi, GDA ýurtlarynda guramalar uly rol oýnamaýar. Ähmiýeti möhüm kararlaryň ählisi ýurtlaryň ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilýär, guramalar bolsa diňe kagyz ýüzünde bar" diýip, Mamadşoýew belleýär.

2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň günortasynda milletara çaknyşyklar wagtynda, resmi Bişkek kömek sorap, KHŞG ýüz tutdy, ýöne ondan kömegiň edilmejekdigi barada, resmi taýdan jogap aldy. Sol döwürde bu karar özygtyýarly ýurduň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgesi bilen düşündirildi, sebäbi KHŞG parahatçylygy berkarar ediji güýçleri ulansa, agza döwletiň serhetlerini bozmak boljakdygy öňe sürüldi.

Şeýle hem bu gurama Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Daglyk-Garabagdaky konflikte goşulmazlyk bilen özüni çetde tutdy. Russiýanyň Daşary işler ministrligi şol döwürde KHŞG goranyş potensialynyň ulanylyp bilinmejekdigini, sebäbi guramanyň agzasynyň çäginde, ýagny şol ýurduň içinde harby hereketleriň barmaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem bu gurama 2021-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ýaragly çaknyşykdan habarsyz ýagdaýda boldy. Soňra KHŞG-niň Baş sekretary taraplary konflikti parahatçylykly ýol bilen çözmäge çagyrdy. Şonda Şertnama gatnaşyjylaryň arasynda gapma-garşylyk ýüze çykan halatynda, ony çözer ýaly, Guramanyň degişli mehanizminiň ýokdugy aýan boldy.

KHŞG-niň parahatçylygy berkarar ediji güýçlerini ulanmagyň ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk mysaly 2022-nji ýylyň ýanwarynda boldy. Şol döwürde Gazagystanda häkimiýete garşy tolgunyşyklaryň we bidüzgünçilikleriň fonunda, Kasym-Žomart Tokaýew kömek sorap, KHŞG ýüz tutdy. Netijede, parahatçylygy üpjün etmek üçin, 2030 harby gullukçy bilen 250 sany tehnika Gazagystana iberildi. Ol harby güýçler 13 günüň dowamynda, Gazagystanyň strategiki desgalaryny goradylar.

KHŞG-niň bu karary bilermenler jemgyýetiniň arasynda düri garaýyşlary emele getirdi. Käbir adamlar muňa Gazagystanyň syýasy režimini halas etmek synanyşygy we ol ýurduň içerki işlerine gatyşmak diýip baha berdiler, beýlekiler, esasanam Almaty şäheriniň ýaşaýjylarynyň bir bölegi bu kömegi şäheri halas etmek we zorlugyň öňüni almakda, täsirli ädim hökmünde kabul etdiler.

Ýarag satyn almak üçin meýdan

Rus žurnalist hem bilermen Grigoriý Mihaýlow KHŞG agza ýurtlaryň bu döwürde gurama gatnaşmakdan, belli bir derejede peýdalanmagy başarandygyny aýdýar.

“Ol peýda rus ýaraglaryny Russiýanyň içerki nyrhlary bilen üpjün etmekde we her ýylky türgenleşiklerde goşunlaryň az bölegini ýüze çykarmak bilen onuň kynçylyklaryny azaltmakda boldy. Geçirilýän çäreler harby serkerdeleriň özara täsirini we aragatnaşygyny ösdürdi. Generallar biri-birleri bilen özara aragatnaşyk saklanda, olaryň arasynda harby güýç ulanmak ähtimallygy birneme azaldar" diýip, Mihaýlow belleýär.

Her ýyl geçirilýän harby türgenleşiklerden we ýarag bermekden başga-da, KHŞG agza ýurtlar terrorçylyga, ekstremizme, neşe gaçakçylygyna we ş.m. howplara garşy bilelikde göreşmek hyzmatdaşlygyny yglan edýärler.

Syýasatşynas Parwiz Mullojanow bar bolan ähli kemçiliklere garamazdan, KHŞG-niň Täjigistan ýa-da Ermenistan ýaly kiçi ýurtlar üçin, möhüm guramadygyny belleýär.

“2000-nji ýyllaryň başlarynda, Täjigistan bu guramanyň agzasy bolmadyk bolsa, biziň goňşy Özbegistan bilen çaknyşmak howpumyz ýokary bolupdy, sebäbi hakyky howp bardy. Ermenistan babatda-da şuňa meňzeş pikiri aýdyp bolar, eger ol KHŞG gatnaşmadyk bolsa, söweşleriň göni öz çägine ýaýramagynyň ähtimallygy ýokarydy" diýip, syýasy bilermen çaklaýar.

Rus-ukrain konflikti göz öňünde tutulanda, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri bir pikirde, olar Köpçülikleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň bu konflikte goşulmajakdygyny biragyzdan aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, olar bu guramanyň üstünligi we ony özgertmek prosesi Russiýanyň Ukrainadaky konfliktden nähili çykjakdygyna bagly diýýärler.

Hursand Hurramow, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG