Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň prezidenti Duşenbede žurnalistlere edilen hüjümi ýazgarýar


Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy metbugat korporasiýasynyň prezidenti Jeými Flaý 

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý Duşenbe şäherinde “Ozodi” radiosynyň we “Häzirki zaman” TW-sniň žurnalistlerine edilen hüjümi berk ýazgaryp çykyş etdi.

Bu waka 17-nji maýda, žurnalistler Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň dolandyryş merkezi Horogda geçirilen protestler barada raýat aktiwisti Mamadşowa bilen söhbetdeş bolanlaryndan soň boldy.

"Biz täjik häkimiýetlerine azat metbugata edilýän basyş kampaniýasyny duruzmak babatynda ençeme gezek ýüz tutduk" diýip, Jeými Flaý 17-nji maýda çap edilen beýanatynda aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti şu ýylyň fewral aýynda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddine ýene bir gezek hat iberip, akkreditasiýa berilmezliginden we metbugat korporasiýasynyň žurnalistlerine abanýan howp-hatarlardan şikaýat edendigini aýtdy.

"Täjigistan hökümetiniň täjik halkyna peýda getirýän garaşsyz neşirleriň ýaýramagynyň öňüni almaga synanyşmagyny bes etmegine wagt boldy" diýip, Flaý sözüniň üstüni ýetirdi.

“Ozodi” radiosynyň we “Häzirki zaman” TW-siniň žurnalistlerine Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň raýat aktiwisti Ulfathonim Mamadşowa bilen söhbetdeş bolanlaryndan soň hüjüm edildi.

Raýat eşikli adamlar Anuşerwon Aripowy, Nasim Isamowy, Mullorajab Ýusufzodany we Barot Ýusufini içinden oturan ulaglaryndan çekip çykardylar.

Şeýle-de olaryň ähli gulluk enjamy, iş we şahsy jübi telefonlaryny ellerinden alyndy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi 17-nji maýda Ulfathonim Mamadşowany Badahşanyň resmi däl ýolbaşçylarynyň biri Mamadbokir Mamadbokirow we Täjigistanyň gadagan edilen Milli Bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Alim Şerzamonow bilen bilelikde, "bikanun ýygnanyşyk guramakda" günäkärledi.

Resmi maglumatlara görä, 16-njy maýda Horogda bolup geçen wakalaryň netijesinde ýerli ýaşaýjy öldürilip, üç hukuk goraýjy işgär ýaralandy. Ýaşaýjylar birnäçe parahat adamyň hem ýaralanandygyny aýdýarlar, ýöne bu Içeri işler ministrliginiň resmi hasabatynda agzalmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG