Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan polisiýasy hökümete garşy protestlerde 400-den gowrak adamy tussag etdi


Ýüzlerçe adam tussag edildi.
Ýüzlerçe adam tussag edildi.

Premýer-ministr Nikol Paşiniany wezipesinden çekilmäge mejbur etjek bolýan protestçiler Ýerewanda 17-nji maýda, oppozisiýanyň ýolbaşçylygyndaky demonstarasiýaçylar köçeleri baglandan soň, ermeni polisiýasy 400-den gowrak adamy tussag etdi.

Bir topar demonstrant, ulag hereketini bozmak we Paşinýanyň hökümetine edilýän basyşy güýçlendirmek maksady bilen, ýerli wagt bilen ir sagat 8-de köçeleri petiklemäge başlady.

Oppozisiýa liderleri demonstrantlaryň paýtagtyň dürli ýerlerinde 50-den gowrak köçäni petikländigini öňe sürdi.

Pitneçilige garşy göreşýän polisiýa demonstrantlar bilen çaknyşdy we köçeleri açmak tagallalarynyň çäginde olaryň köpüsini tussag etdi.

Polisiýa öýlänlere çenli jemi 414 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Bu ermeni oppozisiýasynyň 1-nji maýdan bäri geçirýän raýat boýun egmezlik kampaniýasynyň çäginde gündelik tussag edilen adamlaryň rekord görkezijisi bolup durýar.

Oppozisiýa tarapyndan gurnalan demonstrasiýalarda halk raýat boýun egmezlik hereketlerine goşulmaga çagyryldy.

Guramaçylar Paşiniany Azerbaýjan bilen dawaly Dagly-Karabag sebiti barada gepleşikler wagtynda kabul ederliksiz eglişiklere gitmekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG