Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mariupol polat zawodyny doly alan Russiýa Luhansk şäherine hüjüm edýär


Rus esgeri ýumrulan Mariupol teatrynda

Mariupolyň polat zawodynyň birnäçe aýa çeken gabawynda üstünlik gazanyp, Russiýa Ukrainanyň Donbas sebitini gözegçilik astyna almaga ýakyn geldi we Luhansk sebitinde uly hüjüme başlady.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, Mariupolyň "Azowstal“ polat zawodynda gizlenen ukrain esgerleriniň galany 20-nji maýda tabyn boldy. Olar Mariupolyň doly ýumrulmagyna getiren we 20,000 töweregi adamyň ölmegine sebäp bolan gabawdan soň boýun egdi.

"Söweşijileriň gizlenen kärhanasynyň ýerasty desgalary dolulygyna rus ýaragly güýçleriniň gözegçiligine geçdi” diýip, ministrligiň beýannamasynda aýdylýar.

Soňky günlerde boýun eger toparda 531 adam bolup, olar tabyn bolan goragçylaryň umumy sanyny 2439-a ýetirdi diýip, habarda bellenýär.

Ukraina tarapyndan bada-bat tassyklama bolmady, ýöne prezident Wolodymyr Zelenski biraz öň "Azowstalyň“ goragçylarynyň harby ýolbaşçylardan özleriniň çykyp, janlaryny halas edip biljekleri barada açyk yşarat alandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG