Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan daşary işler ministri Moldowanyň NATO ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylmalydygyny aýdýar


Liz Truss

Britaniýanyň daşary işler ministri Liz Truss Moldowanyň bolmagy ahmal rus agressiýasyna garşy öz-özüni goramagy üçin “NATO ülňülerine laýyklykda” enjamlaşdyrylmalydygyny aýdýar.

Truss 21-nji maýda “Telegraf” neşirinde çap edilen interwýusynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň “uly Russiýa döretmek hyjuwlaryny” nazarda tutup, kiçi döwletleriň goranyş mümkinçiliklerine ýardam bermek babatda ýaranlaryň arasynda gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy.

Ol baş maksadyň Ukrainanyň “hemişelik öz-özüni gorap bilmegini” üpjün etmekden ybaratdygyny we munuň NATO agzasy bolmadyk Moldowa ýaly “gowşak döwletlere” hem degişlidigini aýtdy.

Ol özüniň Moldowanyň günbatar ýaraglary we aňtaw maglumatlary bilen üpjün edilmegini isläp-islemeýändigi barada berlen soraga “Men Moldowanyň NATO ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylmagyny görmek islärdim. Biz bu barada ýaranlar bilen maslahat edýäris” diýip, jogap berdi.

Russiýanyň Moldowa howpsuzlyk wehimini döredip-döretmeýändigi barada soralanda, Truss “Elbetde. Putin özüniň uly Russiýa döretmek hyjuwlaryny aç-açan mälim etdi” diýdi.

“Telegraf” bir geňeşçiniň sözlerini sitirläp, “NATO ülňüleri” diýlende ýaranlaryň Sowet döwründen galan enjamlary döwrebap enjamlar bilen çalyşylmagynyň üpjün etmegini we olary ulanmak boýunça tälim-türgenleşikleri geçirmegini öz içine alyp biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG