Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi sakgala garşy çäreleri ýazgardy


ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Deniel Rozenblum
ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Deniel Rozenblum

ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Deniel Rosenblum kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň musulman ýaşlaryň sakgallaryny syrmaga mejbur edýändikleri baradaky çäresini ýazgardy.

“Polisiýa erkekleriň sakgallaryny zor bilen syrdyrýar. Amerika şeýle hereketlerden aladalanýar" diýip, ilçi Daşkentde geçen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Eurasianet neşiri Deniel Rosenblumyň sözlerini getirýär. ABŞ-nyň ilçisiniň aýtmagyna görä, Özbegistanda soňky bäş ýylyň dowamynda geçirilen özgertmeleri ýurtda dini azatlyklaryň bozulmagy ýoga çykaryp biler.

Neşiriň ýazmagyna görä, 2020-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Özbegistany “dini azatlygyň çynlakaý bozulmagyna” gatnaşýan ýa-da oňa ýol berýän hökümetler üçin ýörite gözegçilik sanawyndan (Special Watch List) aýyrdy.

Özbegistanda dine ynanýanlaryň sakgallaryny zor bilen syrmak kampaniýasyna başlanandygy baradaky habarlar weýner Abdurahmon Mufid (Abu Wines) lakamy bilenem tanalýan Abdurahmon Abdurahmonowyň 6-njy maýda, öz Instagram sahypasynda (ony 1,3 million yzarlaýjy bar) sakgalsyz düşürilen suratyny goýandan soň emele gelip başlady.

Geçmişde Özbegistanyň hökümeti ilatyň arasynda dini ynanjyň aç-açan görkezilmeginiň öňüni almak üçin, şeýle kampaniýalary alyp bardy.

"Sizden haýyş, näme bolandygyny, näme üçin sakgalymy syrandygymy soramazlygy towakga edýän, umumylykda meniň ýagdaýym gowumy, meniň nähilidir kynçylygym barmy – ony-da soramaň. Jogap bermek maňa kyn bolup biler. Ýöne muny görenleriň we bu hakda bilýän adamlaryň özleri düşünerler diýip umyt edýärin” diýip, weýner özüniň Instagram sahypasynda ýazdy.

Şol gün özbegistanly Muhammadýusuf Kobilow hem özüniň sakgally we sakgalsyz düşen suratyny ýerleşdirdi. Onuň aýtmagyna görä, iki suratyň arasyndaky tapawut bäş sagat bolmaly, ol hem etrap polisiýa bölümine baranyndan soň, sakgalyny syrmaly bolupdyr.

26 ýaşly Kobilowyň Eurasianet neşirine aýtmagyna görä, bäş aý mundan ozal Namangandan Daşkende iş gözleginde gelipdir. Kobilowyň sözlerine görä, öz işi bilen barýarka, köçede ýol-gözegçilik gullugynyň işgäri ony saklapdyr hem şahsyýetini anyklamak üçin, özleri bilen gitmelidigini aýdypdyr.

“Bölüme baranymyzda bir ýigit elinde sakgal syrylýan guraly tutup duran eken. Meni hajathana geçirip, ol ýerde sakgalymy syrdylar. Polisiýa işgärleri maňa garşy fiziki güýç ulanmadylar" diýip, Muhammadýusuf Kobilow aýdýar.

Ol özünden başga-da, polisiýa bölüminde azyndan 10 adamyň bolandygyny, olaryň hem sakgallaryny syrdyrmaga mejbur edilendigini aýdýar.

Ol adam içeri işler bölüminiň işgäriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmezlik baradaky madda laýyklykda, kazyýet jogapkärçiligine çekiljekdigini we 15 günlük tussag etmek bilen haýbat atylandygyny hem mälim etdi.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Şohruh Giýasow ýagdaýy şeýle düşündirýär.

“Kanun goraýjy edaralaryň jenaýatçylyga garşy göreşde we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmekde alyp barýan operatiw işlerini we öňüni alyş çärelerini raýatlaryň dini ynançlary bilen baglanyşdyrmak düýbünden nädogry. Raýatyň konstitusion hukuklarynyň bozulandygyna ynamy bar bolsa, bellenilen tertipde şikaýat edip biljekdigini ýatladýarys" diýip, ol resmi aýdýar.

Özbegistanda dindarlaryň sakgallaryny zor bilen syrdyrmak kampaniýalaryň täzeden başlanmagy ýurduň hökümetiniň ilatyň arasynda dini hereketleriň açyk ýüze çykmagyndan ägä bolýandygyny görkezýär. Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna gelenden soň, ýurtda dine ynanýanlara gözegçilik gowşady, ýaşlaryň arasynda sakgal ösdürmek ýoň boldy, aýallar hijap atynyp başladylar.

Kobilow Eurasianet neşiriniň žurnalisti bilen gürleşende, sakgalynyň syrylmagy bilen öz pikiriniň üýtgemändigini, ýene-de sakgal goýbermek isleýändigini aýtdy.

“Ýakyn wagtda sakgalym ýene öser we ýene sakgally gezerin. Bu meniň saýlan ýolum we ynanjym" diýip, ol aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG