Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde reýd geçirildi – erkek adamlaryň sakgallaryny mejbury ýagdaýda syrdylar


Ikram Holmatowyň mejbury ýagdaýda sakgalyny syrdyran we ondan öňki keşbi
Ikram Holmatowyň mejbury ýagdaýda sakgalyny syrdyran we ondan öňki keşbi

Daşkentde reýd geçirildi – sakgally adamlary polisiýa bölümine eltip, sakgallaryny syrmaga mejbur etdiler. Saklananlaryň biriniň aýtmagyna görä, polisiýa bölüminde oňa sakgalyny syrmaga razy bolmasa, 15 günlük tussag ediljekdigi bilen haýbat atylypdyr diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Gazeta.uz neşirine salgylanyp habar berýär.

Geçen hepde sosial ulgamlarda, Daşkendiň Uçtepa we Çilanzar etraplarynda, köpçülik ýerlerinde sakgally erkek kişileriň saklanandygy we olaryň içeri işler bölümlerine getirilendigi, şol ýerde hem sakgalyny syrmaga mejbur edilendigi baradaky habarlar peýda bolup başlady.

Abdurahmon Mufid (Abu Wines) lakamy bilen tanalýan waýner, ýagny gysga wideoýazgylary we bloglary çap edýän Abdurahmon Abdurahmonow özüniň Instagram sahypasynda (onuň 1,3 million abonenti bar), sakgalsyz suratyny ýerleşdirdi.

"Her bir zatda paýhas bar. Görşüňiz ýaly, sakgalym syrylan. Munuň näme üçin bolandygyny, näme üçin sakgalymy syrandygymy soramazlygy towakga edýän, umumylykda meniň ýagdaýym gowumy, meniň nähilidir kynçylygym barmy – ony-da soramaň. Jogap bermek maňa kyn bolup biler. Ýöne muny görenleriň we bu hakda bilýän adamlaryň özleri düşünerler diýip umyt edýärin. Başga näme aýdyp bolar? Döredijiligi dowam etdireris, hiç hili ýagdaýda-da döretmegi bes etmezlige çalşarys diýip, adamlary höweslendirmek isleýän. Men sizi halaýaryn. Siziň doga-dilegleriňize umyt edýärin” diýip ýazypdyr.

В моей стране заблокировали

Настоящее Время

Başga bir özbegistanly Muhammadýusuf ibn Kobil hem Facebook sahypasynda özüniň sakgally we sakgalyny syrdyrandan soňky suratyny ýerleşdirdi. Onuň aýtmagyna görä, suratlaryň arasyndaky tapawut bäş sagat, ol hem etrap polisiýa bölümine baranyndan soň, sakgalyny syrmaly bolupdyr.

"Men şampun we beýleki harytlaryň satuw agenti bolup işleýärin. Işleýän wagtym köçede meni ýol-gulluk bölüminiň polisiýa işgäri saklady-da, şahsyýetimi anyklamak üçin, özleri bilen içeri işler bölümine gitmelidigimi aýtdy. Men bu barada öz başlygyma duýdurmak isledim, ýöne olar muny ol ýerde [bölümde] edip biljekdigimi aýtdylar" diýip, ol gürrüň berýär. "Meseläniň meniň sakgalymda" bolandygyny güman etmesinler diýip, ol adam ätiýaçdan surata düşmek kararyna gelendigini tekrarlaýar.

Muhammadýusuf saklanan pursadynda polisiýa bölüminde azyndan 10 adamyň bolandygyny aýdýar – olar hem sakgallaryny syrdyrmaga mejbur edilipdir, ýogsa olara içeri işler bölüminiň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmedik hökmünde, 15 günlük tussag etmek bilen haýbat atypdyrlar.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Şohruh Giýasow ýagdaýy şeýle düşündirýär.

“Kanun goraýjy edaralaryň jenaýatçylyga garşy göreşde we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmekde alyp barýan operatiw işlerini we öňüni alyş çärelerini raýatlaryň dini ynançlary bilen baglanyşdyrmak düýbünden nädogry. Raýatyň konstitusion hukuklarynyň bozulandygyna ynamy bar bolsa, bellenilen tertipde şikaýat edip biljekdigini ýatladýarys" diýip, ol resmi aýdýar.

Goňşy Täjigistanda häkimiýetler jemgyýetde "ekstremist duýgynyň" ösmegine we ýurtda radikal yslamyň ýaýramagyna ýiti alada bildirýändigi üçin, polisiýa 2015-nji ýyldan bäri erkekleriň sakgalyna garşy göreş alyp barýar. Ýöne Özbegistanda hem bolşy ýaly, Täjigistanda-da Içeri işler ministrligi raýatlaryň sakgallaryny syrdyrmaga mejbur edýän resmi buýrugyň ýokdugyny aýdýar. Hamana sakgally erkeklere garşy reýd geçirýän polisiýa işgärleri muny özbaşdak edýäne meňzeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG