Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bikanun migrantlara garşy reýd geçirildi: onlarça özbegistanly saklandy


Stambul. Illýustrasiýa suraty.
Stambul. Illýustrasiýa suraty.

Stambul polisiýasy geçen hepde geçiren reýdlerinde, Türkiýede bikanun ýaşaýan onlarça özbegistanlyny tussag etdi.

Asly Namangandan bolan Dilşod Ahmedow reýd wagtynda saklananlardan we watanyna deport edilenlerden biri.

Ol geçen hepde Ýeni Kepe bazaryna barýan awtobusda saklandy, sebäbi onda Türkiýede ýaşamaga rugsat berýän dokument ýok eken. Dilşod Ahmedow Tuzladaky migrantlar üçin wagtlaýyn tussaghana äkidilýär. Dilşodyň aýtmagyna görä, ol ýerde saklananlaryň arasynda owganlylar, siriýalylar köp eken. Şeýle hem 50-den gowrak özbegistanlynyň bardygyny aýdýar. Ony iki gün Tuzlada saklanlaryndan soň, Türkiýäniň gündogaryndaky Malatýa äkidýärler.

– Olar biziň elimize gandal urup, 18 sagatlap awtobusda alyp gitdiler. Biziň aramyzda 60 ýaşly hem bardy. Merkezde eýýäm iki aý ýaşap gelýän özbekler hem bardy. Hemmäni bir bölüme gabap gulpladylar. Şertler gaty agyr, çydap bolmaýar. Biz 24 sagatlap aç saklandyk. Özbegistanyň raýatlaryna bolan basyş barha artýar. Olar bize jenaýatçy toparlara garandan hem erbet çemeleşýärler. Özbegistanyň ilçihanasyndan, şol ýerde galan watandaşlarymyza üns bermegini haýyş edýärin – diýip, Dilşod Ahmedow Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

24 ýaşly Ahmedow dokuz aý mundan ozal Türkiýä gelipdir. Onuň Türkiýede galmaga möhleti gutaran hem bolsa, Özbegistana gaýtmandyr.

– Men Stambuldaky karton zawodynda işleýärdim. Eger men Özbegistana gaýdyp gelsem, iş ýok. Biziň bilen bolanlaryň ählisi Türkiýede bikanun ýaşaýanlardy. Soň olary hem polisiýanyň alyp gidendigini bildim – diýip, Dilşod Ahmedow aýdýar.

Adynyň tutulmagyny islemedik Stambulda ýaşaýan bir özbek žurnalisti Azatlyk Radiosyna, Özbegistanyň Ankaradaky ilçihanasy Malatýadaky migrantlaryň wagtlaýyn tussaghanasynda saklaýan özbekleriň meselesini ünsde tutýandygyny aýtdy.

– Bu barada Stambuldaky Özbegistanyň konsullygyndan soranymda, Ankaradaky ilçihananyň meseläniň üstünde işleýändigini, Türkiýäniň Migrasiýa gullugyna hat ýazandyklaryny we Özbegistanyň raýatlarynyň ykbalyna biperwaý garamaýandyklaryny aýtdylar. Konsullygyň işgärleri-de Özbegistanyň raýaty tussag edilse, konsullyga jaň edip biljekdigini, sebäbi türk türmelerinde telefon edip bolýandygyny aýtdylar – diýip, özbek žurnalisti mälim etdi.

Türkiýe Özbegistandan gelýän graždanlar üçin, wiza talap etmeýär. Ýöne şol şertde Özbegistanyň graždany Türkiýede üç aýdan artyk bolup bilmeýär.

Özbegistanly işçi migrantlaryň sany boýunça, Türkiýe dünýädäki dört ýurduň biridir.

Ol ýurtda 50 müňden gowrak özbegistanlynyň resmi statusy bar. Şeýle-de bolsa, resmi däl migrantlaryň we resminamasyz işçileriň sany birnäçe esse artyk.

Stambuldaky adynyň tutulmagyny islemedik özbek žurnalistiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geljek ýylda Türkiýede geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda, bikanun immigrantlary “awlamak” çäreleri güýçlenipdir.

Hut şol sebäpli howpsuzlyk güýçleri reýd geçirýärler. Gysga wagtyň içinde olar takmynan 17 müň adamy tussag edipdir. Polisiýa güýçlendirilen barlaglary geçirýär. Saklanýan migrantlar üçin tussaghanalarda indi ýer ýeterlik däl. Şonuň üçin olary beýleki şäherlerdäki deportasiýa merkezlerine äkidýärler.

Türkiýedäki Özbek Assosiasiýasynyň başlygy Adem Çewik migrantlary düýpli derňew geçirmezden deportasiýa etmegiň gumanitar ýörelgelere ters gelýändigini aýtdy. Adem Çewik migrantlar polisiýanyň gazaply daraşýandygy üçin, suda ýüz tutup biljekdigini-de mälim etdi.

– Polisiýa işgäri güýç ulansa ýa-da kemsiden halatynda, migrantlar suda ýüz tutup bilerler – diýip, ol Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Stambulda ýaşaýan žurnalist Türkiýede bikanun migrasiýa garşy reýdleriň geçirilýändigine garamazdan, özbekleriň akymynyň azalmaýandygyny belleýär.

Ol žurnalist Daşkent bilen Ankaranyň arasynda zähmet migrasiýasy meselesine täzeden seretmegiň hem ony kadalaşdyrmagyň zerurdygyny öňe sürýär.

– Özbegistanda işsizlik dowam edýän wagtynda, Türkiýä gelýänleriň sany azalmaz. Bu hökmany ýagdaýda diplomatiýa ýollary bilen kadalaşdyrylmaly – diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Soňky dört ýylda türk hökümeti millionlarça siriýaly bosguny kabul etdi. Şol wagtyň özünde, Türkiýe dünýäde iň köp owganlynyň gaçybatalga tapýan üç ýurdunyň birine öwrüldi.

Bir wagtlar Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan millionlarça siriýaly bosgun üçin, gapylary giňden açdy, indi bolsa "myhmansöýerlikden" gaça durmaga çalyşýar hem özüniň "halasgärlik" abraýyny ýitirmezden, migrasiýa krizisini çözmäge synanyşýar.

Maý aýynyň başynda Ankara hökümeti 1 million siriýaly bosgunyň öz ýurduna meýletin dolanmagyna mümkinçilik berýän taslamany yglan etdi.

Türkiýäniň hökümeti Siriýanyň demirgazygynda ösen infrastrukturasy bolan 100 müň töweregi jaý gurmagy maksat edinýär. Ol ýerde metjitler, mekdepler, medisina merkezleri, çörek kärhanalary, jemgyýetçilik desgalary, çagalar baglary gurlar.

Ýurduň Migrasiýa gullugyna salgylanyp, Türkiýäniň Cumhuriyet gazetiniň habar bermegine görä, häzirki wagtda Stambulda 1,3 milliondan gowrak migrant ýaşaýar.

Şol migrantlardan 542 müň adam wagtlaýyn goraga alnan siriýalylar we 763 müň adam ýurda kanuny ýol bilen giren we ýaşamak üçin rugsatnama alan hemişelik migrantlar bolmaly.

Geçen ýyl Stambulyň sebit migrasiýa bölümi takmynan 72 müň bikanun migranty jogapkärçilige çekdi. Olardan 23072 adam Stambuldan deportasiýa edildi, 39525 bolsa beýleki welaýatlardaky merkezlere deportasiýa edildi.

Hurmat Babajanow/Azatlyk, Özbek gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG