Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti ýurduň azyk howpsuzlygy üçin $300 million goýberýär


Resmi habarlarda azyk bolçulygynyň döredilendigi tekrarlanýar.
Resmi habarlarda azyk bolçulygynyň döredilendigi tekrarlanýar.

Serdar Berdimuhamedow 4-nji iýunda geçiren mejlisinde ýurduň azyk howpsuzlygy üçin 300 million ABŞ dollary möçberinde serişde goýbermek kararyna gelendigini aýtdy.

Bu serişdäniň 150 milliony, Türkmenistanyň prezidentiniň öz sözleri bilen aýdylsa, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde berler, galany bolsa, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berler.

Mundan öňki ýyllarda hem daşary ýurtlardan azyk almak üçin döwlet serişdesi goýberilýärdi, ýöne synçylar bu meselede aýdyňlyk talaplarynyň üpjün edilmeýändigini belleýärler.

Türkmenistandaky dowamly azyk ýetmezligi birnäçe ýyl bäri dowam edýär we bu ýagdaýyň pandemiýa döwründe, serhetleriň ýapylmagy netijesinde has çylşyrymlaşandygy habar berilýär.

Emma döwlet eýeçiligindäki neşirler ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini, önüm öndürijiler üçin ähli zerur şertleriň bardygyny we daşar ýurtlara eksport edilýän önümlerin möçberiniň artdyrylýandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, ýurtda daşardan getirilýän azyk önümleri barada açyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG