Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda agan binada ölenleriň sany 41-e ýetdi


23-nji maýda 10 gatly ýaşaýyş we täjirçilik binasy aganda 37 adama şikes ýetdi

Eýranyň Abadan şäherinde binanyň agmagy netijesinde heläk bolanlaryň sany 41-e ýetdi. Bu barada 6-njy iýunda eýran resmileri habar berdiler.

Resmiler 23-nji maýda agan binada heläk bolanlaryň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini duýdurýarlar.

Eýranyň resmileri hadysada ýitirim bolanlaryň sany barada hiç hili maglumat bermediler.

10 gatly ýaşaýyş we täjirçilik binasy aganda 37 adam şikes aldy.

Häkimiýetler hadysa sebitäki korrupsiýanyň we pes hilli howpsuzlyk şertleriniň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Hökümet munuň bilen baglylykda häzire çenli 13 adamyň, şol sanda ýerli häkimiň we beýleki resmileriň tussag edilendigini habar berýär.

Protestçiler weýran bolan binanyň öňüne toplanyp, ýerli resmileri ýazgardylar we olary jogapkärçilige çagyrdylar.

Häkimiýetleriň tolgunşyklaryň öňüni almak maksady bilen, sebitde Internet üpjünçiligini hem çäklendirendigi barada maglumat gowuşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG