Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ballistiki raketa synaglaryny geçirdi


Demirgazyk Koreýa 2022-nji ýylda 20-ä golaý raketa synagyny geçirdi.

Demirgazyk Koreýa 5-nji iýunda sekiz dürli sebitden ballistiki raketalary atdy. Mundan bir gün öň, Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlar, soňky dört ýylyň içinde ilkinji gezek ABŞ-nyň uçar göteriji gämisiniň hem gatnaşmagyndaky, bilelikdäki harby türgenleşiklerini tamamladylar.

“Biziň harbylarymyz Demirgazyk Koreýanyň gysga aralyga niýetlenen sekiz raketany atanyny hasaba aldylar” diýip, Seulyň baş dolandyryş harby ştaby mälim etdi.

Maglumata görä, raketalar 30 minut tapawut bilen, dürli sebitlerden atylypdyr we 90 km beýiklikde 670 km golaý aralygy geçipdirler.

Ýaponiýanyň goranmak ministri Nabuo Kişi bu synaglaryň “düýbünden kabul ederliksizdigini” aýtdy.

Demirgazyk Koreýa 2022-nji ýylda 20-ä golaý raketa synagyny geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG