Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda we Balkanda ilatdan maska dakynmazlyk talap edilýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýändigine garamazdan, berk maska düzgünini girizen türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir sebitlerinde ilata maska dakynmagy gadagan edýär. Şol bir wagtda, Aşgabatda maska režimi ozalkysy ýaly öz güýjünde saklanyp, maskasyzlara jerime ýazmak işleri dowam edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebapdan we Aşgabatdan habar berdiler.

"Maska dakynmak düzgüni 4-nji iýunda ýatyryldy. Awtoulaglarda maska dakmaly däl edildi. Indi tersine boldy. Polisiýa maska dakynan adamlara "maskaňy çykar" diýip duýduryş berýär. Bazarlarda, dükanlarda, hemme ýerde maska dakynmak gadagan edildi" diýip, lebaply ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Sebitdäki habarçymyz maska dakynmak düzgüniniň diňe hassahanalarda saklanyp galýandygyny aýdyp, ýol polisiýasynyň ulaglary saklaýandygyny hem-de sürüjilerden we ýolagçylardan ýüz maskalaryny aýyrmagy talap edýändigini hem belleýär.

Şeýle talap bilen Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň-da ýüzbe-ýüz bolýandygyny garaşsyz neşir habar berýär. Turkmen.news neşiri, öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, Türkmenbaşy şäheriniň polisiýasynyň maska dakynan sürüjili ýa ýolagçyly ulaglary köpçülikleýin saklaýandygyny belleýär.

“2020-nji ýylyň tomsundan bäri adamlar maska öwrenişdi, köpler ony geýmekden ýüz öwürdiler, kimdir biri eňegine çenli düşürip dakdy we ýüzünde onuň barlygyny görkezdi. Köp adama jerime salnyp, olar maska almak üçin öýlerine iberildi. Indi ýene şuňa meňzeş zat gaýtalanýar, ýöne tersine: [adamlary] maskalaryny aýyrmaga mejbur edýärler " diýip, neşir 5-nji iýunda çap eden maglumatynda ýerli ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Şol bir wagtda, Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtda maska režiminiň ozalkysy ýaly öz güýjünde saklanýandygyny we maskasyzlara jerime ýazmak işleriniň dowam edýändigini habar berýär.

"Adamlar öýleriniň golaýyndaky köçede maskasyz, ýöne awtobuslarda, dükanlarda we ş.m. ýerlerde maskaly gezýärler. Eger awtoulaglarda maskasyz adam bolsa, onda polisiýa ulagy saklaýar. Polisiýa köçelerdäki maskasyz adamlary hem saklaýar. Maska düzgünini bozanlara 50 manat jerime salýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde 6-njy iýunda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Aşgabatdaky habarçymyz, özüniň Mary welaýatyndaky çeşmelerine salgylanyp, bu sebitde-de ilatdan maskalary çykarmagyň talap edilýändigini hem habar berdi.

Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleri, şol sanda maska dakynmak düzgünini bölekleýin ýatyrdy. 6-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde 1-nji iýundan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde maskalary aýyrmak teklip edilse-de, olary açyk meýdanda dakynmagyň talap edilmejekdigi aýdyldy.

COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde lukmançylyk maskalaryny dakynmak talaby 2020-nji ýylyň iýulynda, BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda eden saparyndan soň girizilipdi. Daşary ýurt bilermenleri şonda Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdiler.

Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bolsa, maska dakynmak talabyny ilatyň saglygyny "howadaky tozan bölejiklerinden goramagyň" zerurlygy bilen düşündiripdi. Şondan bäri häkimiýetler maska režiminiň berjaý edilişine berk gözegçilik etdi.

Iki ýyl bäri ilat hemme ýerde maska dakynmaly boldy, hatda adamlar pagtany maska dakynyp ýygmaly boldular. Ýurduň ýaşaýjylary düzgüni bozanlary anyklamak we olara jerime salmak üçin yzygiderli polisiýa yzarlamalaryna sezewar edildi. Mundan başga-da, maskalaryň ýoklugy ýa-da nädogry dakylandygy üçin jeza hökmünde tussag edilen düzgün bozujylar mejbury işlere, şol sanda pagta meýdanlaryna iberildi.

Şol bir wagtda, pandemiýanyň ilkinji aýlarynda türkmen häkimiýetleri koronawirusdan goranmak üçin maska dakynmak isleýän raýatlara maska geýmegi, dermanhanalara maskalary satmagy gadagan etdi.

"Häkimiýetleriň bu çäreleri ýurt raýatlarynda şahsy saýlawyň, ýagny bir zady saýlap almak erkinligiň ýokdugynyň aýdyň mysalydyr. Hökümet maska režimini güýje girizmezden öň, käbir adamlar wirusdan goranmak üçin maska dakynmak islediler, ýöne muňa rugsat berilmedi. Häzir hem käbir adamlar maska dakynmagy dowam etdirmek islese-de, muňa rugsat berilmeýär" diýip, türkmenistanlylaryň biri anonimlik şertinde Azatlyga beren maglumatynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

XS
SM
MD
LG