Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan koronawirusa garşy çärelerini pugtalandyrdy


Aşgabat, fewral, 2020 (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistan koronawirusa garşy çäreleri güýçlendirýär. Ýurduň guryýer we deňiz serhetleri ýapyk saklanýarka, ýurda uçar gatnawy çürt-kesik çäklendirilýär, uçarly gelýän ýolagçylar barlanýar, karantine alynýar. Ýurduň içinde üýşmeleňler ýatyrylýar we dezinfeksiýa çäreleri, ilata gözegçilik güýçlendirilýär. Bu ýagdaýlaryň ählisi resmileriň we döwlet habar beriş serişdeleriniň koronawirus bilen bagly dünýädäki ýagdaýlar barada doly dymmagynyň fonunda amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda konsertler, toýlar, köpçülikleýin çäreler ýatyrylýar. Jemgyýetçilik ýerlerine barýanlardan wirusa garşy dermanlary ulanmak talap edilýär. Okuw jaýlarynda, döwlet edaralarynda adamlaryň burnuna dümewe garşy derman çalynýar. Indi bu çärä metjide barýan adamlar hem mejbur edilýärler.

"Anna güni Parahat-7 we Parahat-8 etraplarynda ýerleşýän metjidiň girelgesinde her bir gelene burnuna çalmak üçin barmagyna oksalin dermanyny gysyp berdiler, käbirler ony dişine sürtdi" - diýip, habarçymyz 9-njy martda habar berdi.

Şol bir wagtda-da maskalary dakynmak gadagan edilýär.

"Mekdeplerde we keselhanalarda maskalary dakynmak gadagan. Ýurduň hiç bir dermanhanasynda maska satylmaýar. Mekdeplerde sanitariýa we dezinfeksiýa işleri geçirilmeýär, diňe käbir ýerlerde üzärlik tütedilýär. Aşgabadyň 55-nji mekdebinde kiçi klaslarda, bir gezek pagtaly taýajyklary getirmegi talap etdiler we çagalaryň burnuna oksalin maz çalyp berdiler" - diýip, habarçylarymyzyň ýene biri 8-nji martda habar berdi.

Ýurduň häkimiýetleri özleriniň geçirýän çäreleri barada ilaty habarly etmeýärler, düşündiriş bermeýärler. 5-nji martda Daşary işler ministrligi ýurtda koronawirus sebäpli kesellän ýa-da wirus ýokaşan bolmakda güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny daşary ýurtly diplomatlara habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda karantinde saklanýanlardan azyndan iki adamda koronawirusyň tassyklanandygyny 3-nji martda habar berdiler. Şol keselhananyň resmileri bu maglumaty Azatlyga tassyklamakdan ýüz öwürdiler.

Üstesine, türkmen resmileri ýurtda karantin zonalarynyň bardygyny resmi derejede agzamaýarlar. Esasy zonalarynyň biri ýurduň gündogarynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýär.

Çeşmelerimiziň sözlerine görä, soňky günlerde Türkmenabadyň çetindäki ýokanç keseller hassahanasynyň ýanynda döredilen karantin zonasynda dikilen çadyrlaryň we saklanýan adamlaryň sany köpelipdir. Bu ýere düşýänleriň köpüsi daşary ýurtlardan gelýän uçarlaryň ýolagçylary bolup, olaryň arasynda türkmen telekeçileri we daşary ýurtlular hem bar.

Hususan-da, bu ýere 5-nji martdan Türkmenabada Moskwadan baran uçaryň ýolagçylarynyň, şol sanda bir hytaýlynyň ýerleşdirilendigini ýerli çeşmelerimiziň biri habar berdi. Türkmenabatdaky karantinde saklanýanlaryň arasynda koronawirus tassyklanan hassalaryň bolup-bolmazlygyny anyklamak Azatlyga başartmady.

Soňky günlerde Türkmenabada daşary ýurtlardan Aşgabada gatnan reýsleriň ählisi geçirildi. 6-njy martda "Türkmenhowaýollary" öz reýslerini Türkmenabada geçirendigini habar berdi.

Koronawirus sebäpli "Türkmenhowaýollarynyň" ýurda gelýän reýsleriniň ählisini Türkmenabada geçirendigini, şeýle-de Delä, Stambula, Almata, Sankt Peterburga we Gazana reýslerini doly ýatyrandygyny 9-njy martda hökümetçi "Türkmenportal" neşiri habar berdi.

​"Gazana we Sankt Peterburga reýsleriň ählisi ýatyryldy. Diňe Moskwa galdy. Oňa bilet tapmak mümkin däl. Ony ýolbaşçylar paýlaýarlar. Gitmek üçin çynlakaý sebäp bolmaly. Öňki hepdede Moskwa gitjek bolan adamlary reýslerden düşürdiler, şol sanda syýahatçylyk wizasy boýunça bilet alanlary we studentleri. Dümewi ýa-da allergiýasy bolanlary Çoganlydaky keselhana saldylar" - diýip, habarçymyz 9-njy martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabatdan uçýan uçarlaryň ýolagçylary Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasyndaky karantine, Türkmenabada gatnaýan uçarlar şol ýerdäki karantine düşýärler. Türkmenabatda karantin zonasynyň daşynda ýaragly harbylaryň gözegçilik eýändigini habarçylarymyz aýdýar.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, reýsleriň paýtagtdan Türkmenabada geçirilmegi ýolagçylar üçin dürli kynçylyklary döredýär. Olar öz hasabyna Türkmenabatdan Aşgabada aşmaly bolýarlar. Iki şäheriň arasy 580 kilometr çemesi.

Soňky günlerde käbir daşary ýurtly awiakompaniýalar, şol sanda Belarusyň "Belawia" kompaniýasy Türkmenistana gatnamagyny doly ýatyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG