Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Koronawirussyz' Türkmenistan ilatyny maska ​​dakynmaga we waksina almaga mejbur edýär


Saglyk öýündäki nobat. Aşgabat, 2022-nji ýylyň aprel aýy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň hökümetiniň koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri ýeňilleşdirmeginiň fonunda ýurduň häkimiýetleri ilaty COVID-19 waksinasyny etmäge we lukmançylyk maskalaryny dakynmagam ejbur etmegi dowam etdirýärler.

Ýurtda koronawirus waksinasynyň üçünji dozasyny sanjym etmek dowam etdirilýär. Maryda we Lebapda sanjymyň gidişi barada habar berýän Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri waksina etmek işiniň depgininiň we ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň dürli sebitlerde tapawutlanýandygyny belleýärler.

Bu döwürde paýtagtda maska dakynmak düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirildi. Azatlygyň habarçysynyň 19-njy maýda beren habaryna görä, Parahat-3 etrapçasynda birnäçe ýagdaý ýüze çykypdyr, ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda we girelgelerinde nobatçylyk edýän polisiýa işgärleri maskalaryny aşak düşüren adamlary saklaýarlar, jerime salýarlar, käbir halatlarda polisiýa bölümine äkidip, maska dakynmagyň ähmiýeti barada leksiýa berýärler.

Habarçylaryň sözlerine görä, şu günler Lebapda koronawirusa garşy sanjym edilmezden öň hassalar köplenç synagdan we esasy saglyk barlagyndan geçýärler. Azatlygyň ýerli çeşmesiniň habaryna görä, ýerli saglyk işgärleri bu meseläni gözegçilik astynda saklaýarlar.

"Adamda süýji keseli, gipertoniýa ýa-da onkologiýa bar bolsa, oňa sanjym edilmeýär" -diýip, ýerli çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Bu aralykda, Marydaky habarçylar bu sebitde agzalan keselleriň waksina almazlyk üçin sebäp hökmünde kabul edilmeýändigini habar berdiler. Saglyk öýleriniň lukmanlary sanjymyň hökmanydygyny aýdýarlar.

"Gelýän sanawlarymyzdaky adamlaryň hemmesine sanjym etmeli bolýarys. Görkezmeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine biz jogapkärdiris. Barlag wagtynda, ilki bilen bizden sanjym edilenleriň sanawy soralýar" - diýip, Marynyň saglyk öýleriniň birinde işleýän şepagat uýasy adyny agzamazlyk şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

COVID-19 waksinasynyň üçünji dozasy 60 ýaşdan uly adamlaryň arasynda ýanwar aýynyň ahyrynda başlanypdy. Saglyk merkezleriniň köpüsi şonda sanjymyň mart aýynyň başynda geçiriljekdigini mälim edipdi.

Türkmenistan ilatyna COVID-19 garşy sanjymy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda edip başlady we 2021-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ony hökmany etdi. Ýurtda Russiýada we Hytaýda öndürilen sanjymlar resmi taýdan hasaba alyndy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmän geldiler, ilatyň arasynda waksinasiýanyň möçberine degişli resmi maglumatlary çap etmediler. Saglygy saklaýyş resmileri waksina bilen baglanyşykly meseleleri köpçülikde gozgamaýarlar, töwekgelçilikleri we zyýanly täsirleri barada ilata düşündiriş bermeýärler, bu mesele döwlet metbugatynda hem gozgalmaýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, ýurtda sanjymdan soň dürli saglyk kynçylyklary ýygy-ýygydan ýüze çykýar, ýürek agyrylary, güýçli ysgynsyzlyk, bogun agyrylary iň köp ýaýran alamatlar bolýar. Köplenç koronawirusy başdan geçirensoň gysga wagtdan waksina alan adamlarda kynçylyklar köp döreýär diýip, habarçylar lukmanlara salgylanyp, habar berýärler.

Habarçylar köpleriň zerur bejergini almakda henizem kynçylyk çekýändiklerini, lukmançylyk hyzmatlarynyň köpüsiniň elýeterli däldigini bellediler. Mundan başga-da, Türkmenistan öz çäginde COVID-19-yň bardygyny ykrar etmän, şeýlelik bilen keseliň özüni we onuň netijelerini anyklamak hem kadaly bejermek üçin şertleri kynlaşdyrýar.

Habarçylar adamlaryň koronawirusdan ýogalmagy, şol sanda saglygy saklaýyş işgärleriniň heläk bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň döreýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosyna saglygy saklaýyş ulgamynyň resmilerinden bu barada resmi taýdan maglumat almak başartmady.

COVID-19-yň ýekeje hadysasynyň-da hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, 2020-nji ýylyň tomsunyň başynda koronawirusa meňzeş keseliň we ölümiň görlüp-eşidilmedik möçberde ýaýramagynyň arasynda koronawirusa garşy ilkinji çäreleri görüp başlapdy. Häkimiýetler keseliň ýaýramagyny boýun almadylar, emma karantin zolaklaryny döretmäge başladylar, ilaty öýlerinde galmaga ündediler we ölüm derejesini gizlemek üçin gadagan ediji çäreleri girizmäge çalyşdylar. Hususan-da, ölüm öň görlüp eşidilmedik derejede ýaýran wagtynda jaýlanan adamlaryň mazarlarynyň görünmez ýaly tekiz bolmagy talap edildi.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň derejesini görkezýän käbir takyk sanlar belli boldy. Saglygy saklaýyş ministrliginiň çeşmesiniň 14-nji oktýabrda Azatlyga beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda pandemiýa başlanaly bäri 25000-den gowrak adam koronawirusdan ölüpdir.

Ýaňy-ýakynda BSG koronawirusa garşy göreşendigi üçin Türkmenistany sylaglady. Mundan ozal bu gurama, türkmen hökümetiniň koronawirusyň ýokdugyny aýdýan sözlerine ençeme gezek şübhe bildiripdi.

Türkmenistanyň halkara gurluşlary, hususan-da BSG bilen häzirki gatnaşygynyň möçberi barada jikme-jiklikler belli däl.

Geçmişde BSG Türkmenistany birnäçe gezek garaşsyz synag üçin nusgalaryny ibermäge çagyrypdy. Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa edarasynyň başlygy Hans Kluge geçmişde Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmändigini aýdypdy.

Koronawirus pandemiýasynyň iki ýylynda Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmek üçin birnäçe ýurtdan ynsanperwer we maliýe kömegini aldy, esasanam Türkiýe, Russiýa, Günorta Koreýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlardan kömege eýe boldy. Türkmenistana BSG we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hem gumanitar kömek berildi. Şol bir wagtyň özünde, iki ýyl bäri Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň işgärleri koronawirus hassalary bilen işleşmek üçin dermanlary we gorag enjamlaryny öz hasabyna satyn almaga yzygiderli mejbur edildi.

Ýurduň öňki prezidenti - hünäri boýunça diş lukmany Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň dünýäde çalt ýaýrap başlan wagtynda üzärlik, sazak, burçly ulnaş we buýan köki ýaly zatlar bilen koronawirusa garşy durmagy öňe sürdi. Bu serişdeler Türkmenistanda koronawirusa garşy göreşmek üçin henizem ulanylýar.

Türkmenistanda täze mazar ýerleri köpelýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG