Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalynyň ýaşaýjylaryna elektrik togy üçin bergini üzmäge 3 gün berildi


Mary (illýustrasiýa suraty)
Mary (illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynyň ilaty üç günüň dowamynda elektrik bergilerini üzmäge borçly edildi. Bu habar etraplaryň ýaşaýjylaryna ýazmaça görnüşde ýetirildi.

Baýramalyda ýaşaýjylara hususan-da, geçen ýyl üçin elektrik togunyň ähli töleglerini sanlyja günde edilmelidigi habar berildi. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, elektrik togy üçin bergileriň tölenmegi baradaky habar öýlere eltildi ýa-da jaýlaryň we kwartiralaryň gapylarynda galdyryldy. Tölegleriň agzalan wagt aralygynda tölenmedik halatynda elektrik togunyň öçüriljekdigi barada duýduryldy.

Azatlyk bilen gürleşen ýerli ýaşaýjylar, köpçüligiň aşa kynlyk bilen gün görýändigini we gysga wagtda karzy üzülişmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.

"Puly nireden almaly? Iş ýok, hususy gazanjymyz bilen zordan gün görýäris" -diýip, Baýramalynyň ýaşaýjysy adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, etrapda elektrik togy üçin tölegler öň ýylda bir gezek bolan bolsa, indi ýylda iki gezek talap edilýär.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň häkimiýetleri ilaty kommunal tölegleri wagtynda tölemäge höweslendirmek üçin dürli usullary ulandy. Hususan-da, dürli dokumentler üçin talap edilýän kagyzlary öý dolandyryş edralaryndan almak üçin gaz, tok, suw we beýleki kommunal hyzmatlar üçin berginiň bolmazlygy talap edilýär.

Hut şu talap döwlet dükanlarynda azyk satyn almak üçin zerur sprawka hem degişli. Jaý dolandyryş edarasyndan bergileriň ýoklugy baradaky resminama, her aýda adam başyna kesgitli bahadan satylýan azyk, şol sanda un üçin hem talap edilýär. Döwlet dükanlary gaz, elektrik we suw üçin bergidarlara azyk satmaýar. Emma ençeme ýyllap sprawka boýunça subsidirlenen bahadan satylan azyk önümleriniň satuwy ýylyň başyndan bäri gaty azaldy.

"Adamlar azyk satyn almak üçin tölegleri tölemeli bolupdy. Indi döwlet dükanlary azyk önümlerini subsidirlenen bahadan satmaýarlar. Sprawka boýunça diňe un, olam her aýda satylmaýar" diýip, Baýramaliniň ýaşaýjysy aýdýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, şu wagt ilatyň girdejileri azalýan mahaly ýurtda bahalar, şol sanda esasy azyk önümleriniň nyrhy ýokarlanýar.

Türkmenistanda ilatyň kommunal tölegleri boýunça bergisi meselesi ýyllarboýy dowam edýär. Soňky ýyllarda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi sebäpli bu mesele hasam agyrlaşdy. Köp maşgala üçin diňe bir hyzmatlar däl, eýsem esasy iýmit, çörek we un ýaly azyklar elýeterli däl. Çörek nobatlary paýtagtda-da yzygiderli ýüze çykýar, sebitlerde çörek we un birnäçe hepdeläp, hatda aýlap satylmaýar.

Mundan öň 2018-nji ýylda türkmen hökümeti ilat üçin elektrik togy, gaz we suw ýeňilliklerini ýatyrdy. Ýurduň prezidenti şonda 25 ýyl ozal girizilen ýeňillikleri ýatyrmak kararyny ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündirdi. Şondan bäri kommunal hyzmatlaryň bahasy azyndan 6 esse ýokarlandy, emma berilýän hyzmatlaryň hili gowulaşmady. Elektrik we gaz hasaplaýjylary girizildi. Jemagat hyzmatlarynyň hili pes derejede galdy, hatda paýtagtda we welaýat merkezlerinde elektrik togunyň we suwuň üpjünçiliginde yzygiderli näsazlyklar döreýär.

Şol ýeňillikleriň ýatyrylmagy ilatyň şu güne çenli ýüzbe-ýüz bolup gelýän ykdysady krizisiň başlanmagyna gabat geldi.

Soňra ilatyň maddy ýagdaýy, hökümet tarapyndan ykrar edilmedik koronawirus döwründe ep-esli ýaramazlaşdy. Iki ýyllap hususy sektorda işleýän on müňlerçe adam hökümetiň birnäçe aýlap girizen gulplamalary sebäpli gazançlaryny ýitirdi. Türkmenistanda pandemiýa wagtynda döwletden ilata sosial goldaw hem göz öňünde tutulmady.

Ýurduň ýolbaşçylary resmi derejede problemalary ykrar etmeýärler we ykdysadyýetiň üstünlikli ösýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG