Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada petiklenen onlaýn “Dožd TW” goňşy Latwiýadan ygtyýarnama aldy


"Dožd" (Ýagyş) teleýalymynyň nyşany.

Russiýanyň meşhur "Dožd" teleýaýlymy Latwiýadan öz işini dowam etdirýändigini aýtdy. Bu teleýaýlym Russiýanyň Ukraina çozuşyny beýan etmegi bilen ilteşikli güýçlenen basyşlaryň arasynda, mart aýynda iş togtatmaga mejbur bolupdy.

Latwiýanyň Elektroniki media boýunça Milli geňeşiniň başlygy Iwar Abolins 6-njy iýunda öz agentliginiň "Dožd TW" ýaýlymyna ygtyýarnama bermek bilen bir hatarda, ýurtda 80 rus telekanalynyň ýaýlymyny gadagan etmek barada karar kabul edendigini aýtdy.

Bu karar 9-njy iýunda güýje girer. "Dožd TW-niň" ýaýlyma Latwiýadan haçan başlajakdygy mälim däl.

"Dožd TW-niň" baş müdiri we eýesi Natalýa Sindeýewa martyň başlarynda Russiýanyň içinde dörän “täze şertler” zerarly onlaýn teleýaýlymyň näbelli möhlete çenli öz işini togtadandygyny aýtdy. Şondan bir gün ozal, "Dožd TW-niň" baş redaktory Tihon Dzýadko we başga-da birnäçe Dožd zurnalisti öz howpsuzlygyndan gorkup, Russiýany terk edendiklerini aýtdylar.

"Doždyň" websaýty Baş prokuraturanyň talaby esasynda 1-nji martda petiklendi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozmagynyň yz ýany, öz ritorikasyny saklap galmak üçin azat maglumata gözegçiligi has-da güýçlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG