Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW: Daşary ýurt hökümetleri Eýrandaky 1988-nji ýyldaky köpçülikleýin adam öldürmelerini derňemeli


Eýranda 1988-nji ýylda öldürilenleriň hatyrasyna Fransiýada gurnalan sergi. 2017 ý.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy toplanan delilleriň 1988-nji ýylda eýran resmileriniň müňlerçe syýasy tussagy öldürmeginiň adamzada garşy jenaýat bolandygyny görkezýändigini aýdýar.

Hukuk toparynyň 8-nji iýunda çap eden hasabatynda Eýranda şol wagtky ýokary ruhany lider Aýatollah Ruhollah Homeýniň görkezmesi bilen hereket eden häkimiýetleriň, müňlerçe syýasy tussagy “suduň karary bolmazdan” öldürendigini, şol bir wagtda “häzire çenli munuň üçin hiç kimiň jogapkärçilige çekilmändigini” belledi.

“Human Rights Watch” Eýranyň özünde adalat gazanmak mümkinçilikleriň çäklidigini nygtap, daşary ýurt sudlarynyň bu meselä garap, adam öldürmelerine ilteşigi bolanlary jogapkärçilige çekip biljekdigini aýtdy.

“Onlarça ýyl bäri 1988-nji ýylda köpçülikleýin öldürilenleriň hossarlarynyň hakykaty we adalaty gazanmak ugrundaky tagallalary hiç hili netije bermeýär” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Eýran boýunça ýokary derejeli derňewçisi Tara Sepehri Far aýtdy.

Eýran hökümeti köpçülikleýin adam öldürmelerini hiç haçan boýun almady, şeýle-de öldürilen tussaglaryň sanyny äşgär etmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG