Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW hukuk bozmalar üçin ‘Talybana’ garşy has berk halkara çärelere çagyrýar


"Talyban" söweşijileri Panjşir welaýatynyň Omarz sebitinde bir "Hamwi" (Humvee) ulagynyň üstünde otyr. 2021-nji ýylyň sentýabr aýy.
"Talyban" söweşijileri Panjşir welaýatynyň Omarz sebitinde bir "Hamwi" (Humvee) ulagynyň üstünde otyr. 2021-nji ýylyň sentýabr aýy.

Human Rights Watch (HRW) Owganystanda hususan-da aýal-gyzlaryň durmuşyna täsir edýän “gödek ynsan hukuklary krizisi” zerarly halkara jemgyýetçiligini ‘Talyban’ dolandyryjylaryna garşy has berk çäklendirmeleri girizmäge çagyrdy.

Topar awgustda häkimiýete dolanaly bäri, “Talyban” ýurtda aýallaryň ýigrimi ýylda gazananlaryny yza gaýdyp aldy. Aýallar köp sanly hökümet işlerinden çykarylýar, ýekelikde syýahat etmekden mahrum edilýär we Gurhanyň has berk düşündirişi boýunça geýinmäge mejbur edilýär.

HRW 9-njy iýunda beren beýanatynda radikal toparyň 23-nji martda gyzlaryň mekdebe gatnamagyna girizen gadaganlygynyň möhletini uzaltmak kararynyň halkara ýazgaryşlara iterendigini aýtdy, ýöne “bu ýeterlik däl”, halkara jemgyýetçiligi Owganystanyň häzirki dolandyryjylaryna garşy has täsirli çäreleri görmeli diýdi.

HRW Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) birnäçe “Talyban” liderine garşy 1999-njy ýylda, toparyň şol döwürlerdäki terror hereketleri sebäpli, Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan girizilen syýahat gadagançylygyna gaýtadan seretmegi maslahat berdi.

Şeýle-de, HRW BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterrişe “ýagdaýa bütin dünýäniň ünsüni çekmek üçin, “Talybanyň” ynsan hukuklaryna hormat goýmagy babatda edilýän basyşlary artdyrmak üçin, hem-de gözgyny gumanitar krizisiň soňuna çykjak global çözgütlere ýol açmak üçin” Owganystana sapar etmegi maslahat berdi.

XS
SM
MD
LG