Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Türkmenistandan ýene bir çarter uçuşyny gurnaýar


“Türk Howaýollary” kompaniýasynyň uçary
“Türk Howaýollary” kompaniýasynyň uçary

“Türk Howaýollary” 17-nji iýunda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul aralygynda ýene bir çarter uçuşyny gurnaýar diýip, “Trend” neşiri “Türkmenportal” neşirine salgylanyp habar berýär.

9-njy iýunda çap edilen habara görä, mundan ozal “Türk Howaýollary” kompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä her 15 günden bir ýörite uçuş gurnan bolsa, indi hepdede bir gezek çarter uçuşlaryny amala aşyrar.

Habarda aýdylmagyna görä, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul aralygynda mundan öňki çarter uçuşy şu ýylyň 10-njy iýunynda gurnaldy.

Mundan ozal Türkmenistandan Türkiýä çarter uçuşlarynyň şu ýylyň 11-nji maýynda, 1-nji maýynda we 22-nji aprelinde gurnalandygy hem habar berlipdi.

Habarda Türkmenistanyň öz raýatlaryny ýurda getirmek üçin Türkiýe, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Gazagystan we ÝB ýurtlary ýaly ýerleden aýda birnäçe gezek çarter uçuşlaryny gurnaýandygy hem bellenilýär.

2020-nji ýylyň mart aýynda pandemiýa sebäpli girizilen syýahat çäklendirmeleri netijesinde Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny bes etdi. Synçylar Türkmenistan, beýleki ýurtlarda yzygiderli uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigine garamazdan, daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna dolamaga howlukmaýar diýýärler.

XS
SM
MD
LG