Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: Zelenski ABŞ-nyň hüjüm duýduryşlaryny ‘eşitmek islemedi’


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden özüniň ukrainaly kärdeşi Wolodymyr Zelenskiniň Russiýanyň bu ýurda esassyz çozmagyndan ozal Amerikanyň eden duýduryşlaryny “eşitmek islemändigini” aýtdy.

Baýden bu barada 10-njy iýunda Los-Anjelesde geçirilen bir çäräniň dowamynda çykyş edip, köpleriň şol pursat bu duýduryşlaryň “çişirilendigini çaklan bolmagynyň mümkindigini” hem sözüne goşdy.

Ol toplanan maglumatlaryň rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy ikuçsuz hüjüme geçjekdigini görkezendigini we “Zelenskiniň muny eşitmek islemändigini” aýtdy.

ABŞ Putiniň 24-nji fewralda Ukraina garşy “ýörite operasiýany” yglan etmezinden has ozal, Russiýanyň hüjüme taýýarlyk görýändigi barada duýduryş berip başlady.

XS
SM
MD
LG