Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary dörediler. Bu ýurtda hem ekerançylyk, hem-de agyz suwy üpjünçiligindäki nogsanlyklaryň artýandygy baradaky maglumatlara gabat gelýär.

11-nji iýunda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu toparyň “suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljermeleri geçirmek, suw akymlaryny gowulandyrmak, suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen” döredilendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Agyz suwy hakyndaky kanunynda aýdylmagyna görä, ýurduň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär.

Emma bu kanun köplenç kagyz ýüzünde galýar we ýurduň ilaty suwuň mugt wagtynda-da, soňra tölegli edileli bäri hem, hem sebitlerde, hem paýtagtda arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmeýär diýip, hünärmenler aýdýar.

Şol bir wagtda, ýurduň suw howdanlarynda, kanallarda we ara ýaplarynda suwuň bisarpa ulanylmagy, ýitirilmegi, güne bugardylmagy, ýere siňdirilmegi adaty zat bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG