Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardan gelen türkmen talyplary karantinden soň, dessine harby gulluga iberilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi dowam edýän mahaly, daşary ýurtlarda ýokary bilimini tamamlap gelen türkmenistanlylar karantin möhletini doldurandan soň, dessine harby gulluga alnyp gidilýär. Şuňa meňzeş tejribe ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda hem gaýtalanýar. ​Bular barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysyna gürrüň berdi.

"3-4-nji iýunda Minskden gelen raýatlar, şol sanda instituty tamamlap gelen ýaşlar Türkmenabatda 7 gün karantine alyndy. Olaryň karantin möhleti tamamlanandan soň, gulluk ýaşyna ýeten ýaşlar, şol sanda biziň oglumyz dessine harby gulluga alnyp gidildi. Onuň biziň, öz maşgalasy bilen duşuşmagyna-da rugsat berilmedi" diýip, lebaply ene anonimlik şertinde 13-nji iýunda gürrüň berdi.

Ene-atalar pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli uçar gatnawlarynyň ýatyrylyp, ýollaryň ýapylandygyna we raýatlaryň daşary ýurtlarda galandygyna ünsi çekip, öz çagalaryny tas üç ýyl bäri görmändiklerini hem aýtdylar.

"Döwlet oglumy ýekeje gezek görmäge-de rugsat bermedi. Ony dessine Balkan welaýatyna gulluga iberdiler" diýip, ene sözüni jemledi.

Welaýatyň ýerli harby bölümindäki bir çeşmämiziň aýtmagyna görä, mundan ozal Täjigistandan gelen türkmenistanly ýaşlar karantin möhleti tamamlanandan soň, dessine harby gulluga alnyp gidildi.

Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek - 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji martda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda permana gol çekdi. Bu permana laýyklykda, aprel-iýun aýlarynyň dowamynda 18-27 ýaş aralygynda bolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da gulluk möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar harby gulluga çagyrylýar.

Habarçylarymyz şu günler ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda 18 ýaşyna ýeten uçurymlary gutardyş synaglaryndan soň, dessine goşun gullugyna almak tejribesiniň hem dowam edýändigini aýdýarlar.

"Uçurymlaryň gutardyş şahadatnamasyny almagyna we munuň bilen bagly geçirilýän dabara gatnaşmagyna hem rugsat berilmeýär. Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda hem ýagdaý şeýle bolup, ÝOJ-laryň gutardyş synagyndan soň, ýaşlar öýlerine dolanman, göni gulluga gitmeli bolýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Habarçylarymyz, ýerli harby bölümleriň işgärlerine salgylanyp, ýaşlaryň mekdepden ýa aeroportdan dessine harby gulluga alnyp gidilmeginiň sebäplerini ýurduň harby pudagynda esger ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

"Gulluk borçlaryny ýetrine ýetirmäge esger ýok" diýip, ýerli harby bölümiň bir işgäri anonimlik şertinde 13-nji iýunda gürrüň berdi.

Türkmenistanda 18 ýaşyna ýeten ýaşlary daşary ýurtlardan gelen badyna, aeroportdan harby gulluga alyp gitmek tejribesi mundan ozal hem gaýtalanypdy. Mundan başga-da, ýurtda uçurymlary mekdeplerden göni goşun gullugyna almak tejribesi hem soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýär.

Bu ýyl bu tejribe, ýurduň günorta serhet çäklerinde gulluk geçen esgerleriň onlarçasynyň öýlerine kesgitlenen wagt araçäginde 'wagtynda' dolanyp bilmeýändigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat gelýär. 10-njy iýunda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň birnäçesi harby ýolbaşçylaryň muny häkimiýetleriň gulluk borçlaryny tamamlan raýatlary demirýol transporty bilen üpjün etmeýändigi bilen düşündirýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG