Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan korrupsionerleriň günäsini geçmezlik kararyny goýbolsun etdi


Adalat heýkeli. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.
Adalat heýkeli. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Türkmen kanun çykaryjylary Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri girizip, korrupsiýa we neşe serişdeleriniň dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnen adamlaryň günäsini geçmezlik kararyny ýatyrdy.

Täze üýtgetmelerden we goşmaçalardan öňki Jenaýat kodeksindäki 80-nji maddanyň 4-nji bendi aýryldy.

Bu madda Türkmenistanyň jenaýat kodeksine 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda girizilipdi.

80-nji maddanyň 4-nji bendi şeýle diýýär: “Korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme we rehim etme ulanylmaýar

Soňky üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda 80-nji madda 79-njy madda boldy we onuň degişli 4-nji bendi tutuşlygyna kodeksden aýryldy.

Täze kabul edilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen, Türkmenistanda korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlarda iş kesilen adamlaryň günäsiniň geçilmegine ýol açylýar.

Döwlet metbugaty aprel we maý aýlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna girizilen täze üýtgetmeleri we goşmaçalary çap etdi.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine girizilen täze üýtgetmeler we goşmaçalar “Türkmenistan” gazetiniň 22-nji aprel sanynda çap edildi.

Täze üýtgetmeler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýär.

Türkmen kanunçylygy korrupsiýada aýyplanýan häkimiýet ygtyýarlyklary bolan adamlary 15 ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum edýär.

Korrupsiýa bilen bagly jenaýatlar diýlip pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen edilen jenaýatlar hasap edilýär.

Türkmen kanunçylygy “korrupsiýany” şeýle kesgitleýär:

“Döwlet wezipesini eýeleýän adam tarapyndan, häkimiýet ygtyýarlyklary bolan wezipeli ýa-da aýry-aýry adamlar ýa-da adamlaryň topary bilen durnukly bikanun gatnaşyklary döretmek arkaly wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri hyýanatly peýdalanmak bilen, özi ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine wehim salýan bilkastlaýyn hereketler”

Şeýle-de, türkmen kanun çykaryjylary Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine “Korrupsiýa” bilen bagly maddany 2019-njy ýylyň noýabrynda girizdi. Soňky üýtgetmelerde we goşmaçalarda bu madda saklanyp galýar.

Türkmenistanyň kanun çykaryjy ulgamynyň ýokarky palatasy bolan Halk Maslahatyna eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, aşaky palatasyna Gülşat Mämmedowa ýolbaşçylyk edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň fewralynda prezident wezipesinden çekilmek niýetini äşgär edende, özüniň syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine gönükdirjekdigini aýtdy.

Synçylar Türkmenistanyň parlamentini erksiz döwlet instituty hasap edip gelýärdi. Türkmen kanunçylygyna girizilýän soňky üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň eks-prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň diňe kanun çykaryjy ulgamyna ýolbaşçylyk edip başlamagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary her ýyl iri baýramçylyklar mynasybetli türmelerdäki bendiler üçin günä geçişlik yglan edýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň türme şertlerine we türkmen türmelerinde “syýasy matlaplar bilen” zor bilen ýitirim edilen 100-den gowrak raýatyň ykbalyna yzygiderli alada bildirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG