Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elektrik we suw ýetmezçiligi: Tomsuň aşa yssy günlerinde ilatyň 'agyryly' meselesi ýitileşýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda tomus paslynyň başlanyp, jokrama yssy günleriň ýetip gelmegi bilen, ýurt raýatlarynyň iň bir agyryly meseleleriniň biri gaýtadan ýitileşdi. Şu günler ýurduň käbir sebitlerinde ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň we agyz suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu mesele, howanyň temperaturasy 44 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, ilatyň gündelik durmuşynda dürli kynçylyklary döredýär. Bu kynçylyklaryň jikme-jikleri barada Azatlyk radiosynyň habarçylary Balkan we Lebap welaýatlaryndan habar berdiler.

"Tomus geldi we tutuş Türkmenbaşy şäherinde, her ýylda bolşy ýaly, agyz suwunyň we elektrigiň kesilmegi ýene gaýtalanýar. Bu mesele ýaşaýjylaryň keýpini bozýar. 15-nji iýunda öýlän sagat 1-3 aralygynda tok kesildi. Aragatnaşyk işlemedi. Töleg terminallary arkaly söwda edip bolmady"' diýip, balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bu bökdençligiň ýaşaýjylar bilen bir hatarda, telekeçilere hem täsir ýetirendigini aýdyp, esasan-da, doňdurylan önümleriň söwdasyny edýän söwdegärleriň ýiti zyýan çekendigini belledi.

"Birnäçe tonna doňdurma eräp zaýa boldy" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan telekeçi aýtdy.

Habarçymyz Türkmenbaşyda elektrik we suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly bökdençlikleriň şu ýylyň tomus paslynyň başyndan bäri eýýäm üçünji gezek gaýtalanandygyny hem aýtdy.

Iýun aýynyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy 44 gradusa çenli ýetdi. Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri 9-njy iýunda çap eden habarynda iň yssy howanyň ýurduň günortasynda we günorta-gündogarynda hasaba alnandygyny mälim etdi.

Şular ýaly aşa yssy günlerde hojalyklara berilýän elektrigiň kesilmegi ýa-da onuň akymynyň azalmagy bilen bagly bökdençlikler Lebapda hem yzygiderli gaýtalanýar.

"Howanyň temperaturasy 45 gradusa golaýlaýan mahaly, her bir hojalyk kondisionere mätäç bolýar. Ýöne elektrigiň akymy 180-den geçmeýändigi sebäpli kondisionerleri işledip bolmaýar" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Sebitdäki habarçymyz bökdençlikler sebäpli käbir ýaşaýjylaryň we telekeçileriň öz hasaplaryna kiçi transformatorlary hem-de il içinde atlandyrylyşy ýaly "stabilizatorlary" oturdýandygyny aýdýar.

"Ussalar mini transformatorlary elektrik hasaplaýjy guralynyň ýanyndan oturdyp berýärler. Munuň üçin olar 7-8 müň manat alýarlar. Käbir hojalyklar bolsa, 'stabilizatorlary' satyn alýarlar. Bu gural toguň akymyny köpeldýär. Onuň hyrydary kän bolansoň, onuň bahasy hem 3 müňden 5 müň manada gymmatlady. Bu puly tölemäge maddy mümkinçiligi ýok maşgalalar köp" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Elektrik akymyny köpeldýän gurallaryň gymmatlamagy, doňdurmanyň bahasynyň hem ýokarlanmagyna getirdi. Habarçymyz soňky günlerde buz gaýmagyň bahasynyň 5 manatdan 7 manada gymmatlandygyny aýtdy.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýerli elektrik edaralarynyň resmileri toguň kesilmeginiň ýa-da onuň akymynyň peselmeginiň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlygyň agzalýan edaralardan kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Ýöne anonimlik şertinde söhbetdeş bolan elektrik edaralarynyň hünärmenleri bökdençlikleriň sebäplerini transformatorlaryň könelişendigi bilen düşündirýärler.

Türkmenistanda ilatyň agyz suw we elektrik üpjünçiligindäki problemalar tutuş ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu bökdençlikler her ýylyň tomus aýlarynda has-da ýitileşýär. Bu problemalar ýurt ilatynyň agyryly meselesine öwrülip, bu barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Ýurduň öz ilaty elektrik ýetmezçiliginden ejir çekýän mahaly, energiýa resurslaryna baý Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara satýar. Owganystan, Eýran we Özbegistan öz ilatynyň energiýa bilen üpjünçiliginiň belli bir bölegini türkmen elektrik togunyň hasabyna amala aşyrýar. Geçen ýyl Türkmenistan öz elektrik energiýasyny Gyrgyzystana hem​ eksport edip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG