Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: Ukraina rus hüjümleriniň artdyrylmagyna 'taýýar'


Prezident Zelenski “Biz taýýarlanýarys. Biz taýýar” diýip, mälim etdi.

Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň ýurduň gündogar sebitlerini ele geçirmek ugrundaky hüjümlerini ýaýbaňlatdyrjakdygyny çaklaýar. Bu aralykda, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri şu hepde duşuşyp, Kiýewiň bloguň düzümine kabul edilmek boýunça arzasyny tizleşdirilen görnüşde goldamak mümkinçiligine gararlar.

Zelenski Russiýanyň başladan doly gerimli urşundan bäri dört aý çemesi wagtdan soň, 19-nji iýunda giçlik eden çykyşynda “Russiýanyň şu hepde gazaply hereketlerini ýaýbaňlatjakdygyna garaşmalydygyny” duýdurdy.

Zelenski ukrain goranyş güýçlerini göz öňünde tutup “Biz taýýarlanýarys. Biz taýýar” diýip, giçlik eden çykyşynda mälim etdi.

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina esassyz hüjüm etmeginden birnäçe günden soň, Kiýew ÝB-niň agzalygyna kabul edilmek boýunça arzasyny tabşyrdy. Rus hüjüminiň netijesinde sebitde dörän regional howpsuzlyk wehimleriniň arasynda Moldowa we Gürjüstan hem Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek boýunça arzalaryny tabşyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň 27 agzasynyň ählisi 23-24-nji iýun aralygynda duşuşyp, dalaşgärleriň arzalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Geçen hepde Ýewropa Komissiýasy Ukraina we Moldowa üçin dalaşgär statusynyň berilmegini maslahat berdi. Şol bir wagtda, ol Gürjüstanyň ýene berjaý etmeli şertleriniň bardygyny belledi.

Islendik agzalyk prosessiniň tamamlanmagy köp ýyllara çekip biler.

Bu aralykda, 20-nji iýunda irden Ukrainanyň Baş harby ştabynyň beren maglumatyna görä, rus basybalyjy güýçleri Sewerodonetsk şäheriniň golaýyndaky sebitlere raketa we artilleriýa zarbalaryny ýagdyrýarlar, şeýle-de Su-25 kysymly uçarlar bilen ençeme ugur boýunça hüjüm edýärler.

Ukrain harbylary ýurduň gündogaryndaky Donbas sebitiniň möhüm şäheri Sewerodentskiniň gözegçiligi ugrundaky söweşleriň dowam edýändigini aýtdy.

Maglumata görä, rus güýçleri ençeme, şol sanda Lyman, Awdiiw we Zaporožýe ugurlary boýunça ukrain birikmeleriniň täzeden toparlanmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Rus prezidenti Wladimir Putin Ukraina garşy hüjüme geçip, şol sanda ozalky post-sowet goňşusynyň Günbatar bilen integrasiýasynyň öňüni almagy maksat edinipdi. Emma ýagdaýlar Kremliň çaklaýşyndan has haýal özgerip başlady.

17-nji iýunda Putin Ukrainanyň ÝB-niň agzalygy boýunça “hiç hili garşylygynyň ýokdugyny” öňe sürdi. Emma Kremliň metbugat wekili Bileleşigiň agzalarynyň ýakynda özara harby hyzmatdaşlygy artdyryp başlandygyna ünsi çekip, Moskwanyň Ukrainanyň arzasy boýunça ilerlemelerini ýakyndan yzarlaýandygyny mälim etdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň geçen dynç günleriniň dowamynda eden çykyşynda, Ukrainadaky urşuň “ýyllap” dowam edip biljekdigini duýdurdy, şeýle-de Ýaranlygyň “bahalar näçe ýokary hem bolsa”, Kiýewe goldaw bermegini dowam etdirmelidigini aýtdy.

Bu aralykda, ÝB-niň baş diplomaty Russiýany Ukrainadaky duran gallanyň çykarylmagyna mümkinçilik bermän, “hakyky uruş jenaýatyny” amala aşyrýandygyny aýtdy.

“Bir tarapdan, Ukrainada millionlarça gallanyň çykarylman saklanýandygyny, beýleki tarapdan hem dünýäde adamlaryň açlykdan ejir çekýändigini göz öňüne getirmek hem kyn. Bu hakyky uruş jenaýaty” diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrel 20-nji iýunda çykyş etdi.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda ýurduň deňiz portlaryny böwetlemegi bilen, dünýäniň esasy galla eksportýorynyň biri Ukraina toplan hasylyny daşary ýurtlara çykaryp bilmeýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 20-nji iýunda Lýuksemburgda duşuşyp, emele gelen bu ýagdaýlara mümkin çykalgany tapmaga synanyşýarlar.

Ukraina we Günbataryň köp hökümeti Russiýany dünýädäki azyk üpjünçiligi krizisini öz bähbitlerine ulanmakda aýyplaýarlar. Mundan öň, Moskwa halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň öwezine, Ukrain galla hasylynyň eksport edilmegine mümkinçilik döretjekdigini aýdypdy. Emma Günbatar hökümetleri bular ýaly ädimi ret etdiler.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG