Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda iş, ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagyna garşy protestler dowam etdirilýär


Eýranlylar ýurtdaky barha ýaramazlaşýan ykdysady şertlere garşy protest geçirýärler.
Eýranlylar ýurtdaky barha ýaramazlaşýan ykdysady şertlere garşy protest geçirýärler.

Eýranyň Isfahan welaýatyndaky senagat taýdan ösen Mahmoudabad şäherinde işçiler tapgyr üçünji gün protest geçirýärler. Bu aralykda, tutuş ýurt boýunça ýaşaýyş we iş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda geçirilýän ýörişleriň gerimi gowşamaýar.

20-nji iýunda paýtagt Tähranda ýük ulag sürüjileri protest ýörişini geçirip, Ýol gözegçilik edarasynyň öňünde toplandylar. Günüň dowamynda protest sebitinde köp sanly kanungoraýjy gulluklaryň işgärleri ýerleşdirildi.

Isfahanda bolsa daş zawodunyň 300 müň töweregi işçisi, häkimiýetleriň haýbatlaryna hem garamazdan, iş taşlaýyşy dowam etdirdiler.

Eýranda ýaşaýyş we iş şertleriniň ýaramazlaşmagy, zähmet haklarynyň peselmegi ýaly oňaýsyzlyklar sebäpli işçileriň geçirýän protestleriniň gerimi ýaýbaňlanýar.

Şol bir wagtda, ilatyň beýleki gatlaklary, şol sanda pensionerler hem ýurtdaky barha ýaramazlaşýan ykdysady şertlere we häkimiýetleriň durmuş şertlerini gowulandyrmak wadalaryny berjaý etmeýändigine garşy protest geçirýärler.

XS
SM
MD
LG