Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň baş prokurory rus uruş jenaýatçylarynyň yzyny çalmakda Ukraina ýardam wada berýär


ABŞ-nyň baş prokurory Merrik Garland (çepde) we Ukrainanyň baş prokurory Irina Wenediktowa 21-nji iýunda Lwowyň golaýynda duşuşdy.

ABŞ-nyň baş prokurory Merrik Garland Ukrainada rus çozuşy başlanaly bäri baş goşulan uruş jenaýatçylygyny jogapkärçilige çekmekde ýardam wada berýär. Baş prokuror 21-nji iýunda Ukraina amala aşyran saparynyň dowamynda şeýle jenaýatlardan jogapkär adamlara “gizlenere ýer bolmaz” diýdi.

Garland Lwowyň golaýynda Ukrainanyň baş prokurory Irina Wenediktowa bilen duşuşdy we uruş jenaýatçylarynyň yzyna çalmaga gönükdiriljek toparyň döredilýändigini yglan etdi diýip, Adalat departamenti aýtdy.

ABŞ we ýaranlary “bu wagşyçylyga jogapkär adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi üçin bar bolan ähli ýollary yzarlar” diýip, Garland Wenedikta bilen duşuşygyň öň ýany žurnalistlere aýtdy.

Täze döredilen topar delil we subutnama toplamak, jenaýat jogapkärçiligine çekmek, hukuk bozulmalaryny, uruş jenaýatlaryny we beýleki wagşyçylyklary seljermek işleri boýunça Ukraina ýardam berer diýip, Adalat departamenti aýtdy. Şeýle-de, departament toparyň baş geňeşçisiniň has ozal nazi uruş jenaýatçylarynyň yzyna çalmak tagallalaryna ýolbaşçylyk edendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, topar ABŞ-nyň derňemäge kanuny ygtyýarlygy bolan uruş jenaýatlaryna, şol sanda uruş barada habar berýän ABŞ žurnalistleriniň öldürilmegine we ýaralanmagyna üns gönükdirer diýip, departament aýtdy.

Wenediktowa bu goldawy “örän möhüm” atlandyryp, Garlanda minnetdarlyk bildirdi.

Kiýew uruş jenaýatçylygynda güman edilýän müňlerçe işi anyklandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG