Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luhanskda ýowuz söweş dowam edýärkä, ukrain güýçleri Sewerodonetskden yza çekilýär


Russiýanyň Ukraina hüjümi dowam edýärkä, Sewerodonets şäheriniň senagat sebitinde ukrain harbylary biri-biri bilen gürleşýär. 20-nji iýun, 2022 ý.
Russiýanyň Ukraina hüjümi dowam edýärkä, Sewerodonets şäheriniň senagat sebitinde ukrain harbylary biri-biri bilen gürleşýär. 20-nji iýun, 2022 ý.

Ukrain güýçleri, Russiýanyň dowam etdirýän zarbalarynyň arasynda, rus güýçleriniň ele geçiren Sewerodonetsk şäherinden yza çekilerler diýip, 24-nji iýunda ýerli resmi mälim etdi. Bu aralykda, Moskwa Luhansk regionyndaky ukrain goragçylarynyň soňky garşy duruş sebitini doly gabawa almagy maksat edinýär.

"Diňe şol ýerde galmak üçin, birnäçe aýyň dowamynda çym-pytrak edilen pozisiýalarda galmagyň manysy ýok" diýip, gubernator Serhiý Haýdaý aýtdy.

Russiýa soňky hepdeleriň dowamynda, gowşamaýan agyr artilleriýa zarbalarynyň netijesinde, Sewerodonetsk ugry boýunça ilerlemegi başardy. Ruslaryň hüjümleri sebäpli, uruşdan öň 100 müň ilaty bolan bu şäheriň aglaba sebiti harabalyga öwrüldi.

Şeýle hem, Haýdaý Telegram messenjerinde ýazan maglumatynda Russiýanyň Lysyçansk şäherine barýan esasy ýoluň golaýynda ýerleşýän Mykolaýiwka obasyny ele geçirendigini hem aýtdy. Lysyçansk, Luhanskda Ukrainanyň kontrollygyndaky iň soňky şäherdir.

Şol bir wagtda, Lysyçansk şäheriniň günortasyndaky sebitlerde ukrain goragçylary rus hüjümini yza tesdirmegi başardylar.

Luhansk regionynda eýýäm ençeme hepde bäri alnyp barylýan söweş hereketleri iki tarapyň-da şahsy düzüm we serişde resurslaryny kemeltdi. Bu aralykda, Kiýew Günbatardan has agyr ýaraglary ibermegi yzygiderli soraýar we Russiýa söweş meýdanyna hünärli harbylary getirmekde kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

23-nji iýunda giçlik Kiýew, ABŞ-nyň täze harby kömegi, şol sanda has köp raketa ulgamyny iberjekdigini wada bereninden soň, ABŞ-nyň uzak aralyga niýetlenen ilkinji artilleriýasynyň gelendigini yglan etdi.

ABŞ-dan Ukraina HIMARS raketa ulgamynyň gelendigini 23-nji iýunda ukrain goranmak ministri Oleksiý Reznikow mälim etdi.

Şu aralykda, Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 24-nji iýunda çap eden gündelik aňtaw habar býulletenine görä, şu aýyň başynda uçary atylyp ýere gaçyrylandan soň ukrainler tarapyndan ele salnan rus piloty ozal howa güýçlerinde maýor bolup işländigini we pensiýa çykandygyny, häzir "Wagner" toparynda hakyna tutulan harby hökmünde işleýändigini boýun alypdyr. "Wagner" Kreml bilen arabaglanyşygy bolan hususy eýeçilikdäki rus harby kompaniýasydyr.

Britan aňtaw gullugyna görä, Russiýanyň howa operasiýalarynda pensiýa çykan işgärleri we hususy potratçylary ulanmagy, rus howa güýçlerinde tejribeli işgärleriň ýetmezçiligini görkezýär.

Bu, býulletende aýdylmagyna görä, Russiýanyň talaba laýyk görnüşde tälim berlen harby işgärleriniň sanynyň ýeterlik bolmazlygynyň we söweş ýitgileriniň netijesi bolup biler. Mundan başga-da, "Wagner" toparynyň uçarynda täjirçilik GPS ulgamlarynyň ulanylmagy häzirki zaman awiasiýa enjamlarynyň ýetmezçiligini görkezýär diýlip, býulletende bellenilýär.

Muňa garamazdan, ABŞ-nyň iki resmisi CNN habar gullugyna beren maglumatynda rus güýçleriniň gündogar Ukrainada ýuwaş-ýuwaşdan öňe gidişlik gazanýandygyny aýtdy.

Ruslar ozal goýberen ýalňyşlyklaryndan sapak aldylar we häzirki wagtda howa hem-de gury ýer hüjümlerini has gowy utgaşdyrýarlar we häzirki wagtda olar logistika we üpjünçilik liniýalaryny has gowulaşdyrýarlar diýip, amerikan resmileri aýtdylar.

Ýewropa Bileleşigi Ukraina we Moldowa üçin bloga dalaşgär statusyny bermek barada resmi taýdan ylalaşyp, “taryhy” ädim etdi.

Bu ädim iki ýurduň liderleri tarapyndan gowy garşy alyndy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula won der Leýen bolsa, "bu kyn günlerde" ýurtlaryň raýatlary üçin "umydyň mundan gowy alamatynyň" bolup bilmejekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG