Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew Aşgabatda ‘gelejegi gümürtik’ ýoluň mümkinçiliklerini ýatlatdy


Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýolunyň ugry bilen barýan otly. Arhiwden alnan surat.
Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýolunyň ugry bilen barýan otly. Arhiwden alnan surat.

Gazagystanyň prezidenti Aşgabatda, VI Hazar saamitinde eden çykykyşynda Gazagystan-Türkmenistan- Eýran demirýolunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak meselesini gozgady. 2020-nji ýylyň sentýabrynda 2014-nji ýylda işe girizilen demirýol arkaly Türkmenistana Hytaýdan iň uzyn ýük otlusynyň gelendigi habar berildi. Azatlyk radiosy bu taslama bilen bagly meseleler barada, Türkmenistanda uly döwlet serişdeleri harçlanan we doly kuwwatynda ulanylmaýan desgalar bilen baglylykda, ozalam habar beripdi.

Gazagystanly deputat Aýkyn Konurowyň 2018-nji ýylyň 19-nji dekabrynda gazak parlamentinde eden çykyşynda aýtmagymna görä, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly garaşylan netijeleri bermedi.

Akorda.kz web saýtynyň maglumatyna görä, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew VI Hazar sammitinde eden çykyşynyň dowamynda Demirgazyk-Günorta ulag-üstaşyr geçelgesiniň geljekde has ösdürilmegi bilen bagly meselelere üns çekdi.

Munuň üçin Gündogar Aziýa bilen Pars aýlagy ýurtlarynyň arasyndaky iň gysga gatnaw ugryny, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolynyň mümkinçiliklerinden ýokary derejede peýdalanmak mümkin, bu täze logistika çözgüdi 12 günüň dowamynda 6000 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär diýip, gazak prezidenti aýtdy.

Biraz öň bu ugur boýunça Gazagystanyň Pawlodar şäherinden Tähran şäherine ilkinji ýük otlularynyň geçendigi habar berildi.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly işe girizilende, onuň üsti bilen Gazagystanyň harytlarynyň göni pars aýlagyna çykarylmagyna we tranzitden goşmaça girdeji alynmagyna garaşylýardy.

Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýyla çenli bu taslamanyň üsti bilen daşaljak ýüküň göwrümi ýylda 15 million tonna baryp ýetmeli.

“Biziň hasaplarymyza görä, ýylyň 10 aýynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ugry arkaly 1 million tonnadan sähel gowrak ýük daşaldy. Şol bir wagtda, tranzitiň göwrümi 2 ýüz müň tonna-da ýetmedi” diýip, gazagystanly deputat dört ýyl ozal garaşylan tamany ödemdik taslama ünsi çekende aýtdy.

“Bar bolan maglumatlara görä, halkara ulag geçelgesi diýip görkezilýän bu demirýol, aslynda, işlemeýär” diýip, Konurow sözüniň üstüni ýetirdi. Ol bu ýoluň biznes perspektiwalarynyň gümürtik bolup galýandygyny aýtdy.

Türkmenistan soňky onýyllykda ençeme demirýol liniýalaryny gurdy we synçylar bu ýollara çykarylan çykdajylaryň entek-entekler özüni ödemejegini, sebäbi bu işleriň köplenç gyssanmaç we oýlanyşyksyz edilýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG