Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Russiýany “wehim abandyrýan iň uly howp” atlandyrdy

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski NATO-nyň sammitinde çykyş edýär. Madrid, Ispaniýa. 29-njy iýun, 2022 ý.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski NATO-nyň sammitinde çykyş edýär. Madrid, Ispaniýa. 29-njy iýun, 2022 ý.

NATO, Moskwanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşunyň arasynda, Russiýany ýaranlygyň agzalarynyň parahatçylygyna we howpusuzlygyna “wehim abandyrýan iň uly we gönümel howp” atlandyrdy. Bu barada Günbatar harby ýaranlygynyň 29-njy iýunda Madridde geçen sammitiniň netijeleri boýunça ýaýradylan beýanatynda bellenilýär.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg häzirki ýagdaýlary Ikinji jahan urşundan bäri iň uly howpsuzlyk krizisi atlandyrdy.

NATO-nyň beýanatynda Russiýanyň Ukraina çozmagy Ýewropanyň Sowuk urşundan soňky howpsuzlyk durumyny çagşadandygy hem nygtalýar.

Mundan başga-da, Ýaranlyk Russiýanyň basybalyjyly hereketleriniň arasynda Ukraina “syýasy we iş ýüzündäki goldawyny artdyrmagy” wada berdi.

Stoltenberg Ukrainanyň öz garaşsyzlygy ugrunda söweşýändigini, şol bir wagtda onuň Günbatar gymmatlyklary we howpsuzlygy üçin hem göreş alyp barýandygyny aýtdy.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski sammitde eden wideo ýüzlenmesinde, Russiýanyň basybalyjy goşunlaryna garşy durmak üçin NATO liderlerinden has köp kämil agyr ýaraglary we goşmaça maliýe hemaýaty sorady.

Ol Moskwanyň meýilleriniň diňe bir Ukraina bilen çäklenmeýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG