Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gazetinde Belarusda okaýan türkmenistanlylaryň sany aýdyldy


Aşgabat. Birmeňzeş lybas geýen studentler.
Aşgabat. Birmeňzeş lybas geýen studentler.

“Türkmenportal” neşiri döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatyna salgylanyp, belarusda okaýan türkmenistanly studentleriň sanynyň mälim edilendigini habar berýär.

Hökümetçi neşiriň ýazmagyna görä, 2021/2022-nji okuw ýylynda Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanlylaryň 6,6 müňden gowragy okady.

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý bu sanlary “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren interwýusynda aýdypdyr. Şeýle-de ol türkmenistanlylaryň Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly studentleriň umumy sanynyň 20 göteriminden gowragyny düzýändigini belläpdir.

Diplomatyň sözlerine görä, Belarus her ýyl türkmenistanlylaryň 30 sanysyna inžener we tehniki ugurlar boýunça talyp hakyny, stipendiýa hem bermäge taýýar.

Neşir 2020/2021-nji okuw ýylynda bu ýurtda türkmenistanlylaryň 8738 sanysynyň okandygyny belleýär.

Bu habar Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkony Belarusyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlan wagtyna gabat geldi.

Soňky onýyllyklarda öz ýurtlarynda ýokary bilim we hünär almak mümkinçiliklerini tapmadyk ýa-da has gowy bilim almaga çalyşýan türkmenistanlylaryň on müňlerçesi daşary ýurtlara okamaga gitdi. Emma türkmen häkimiýetleri we metbugaty türkmenistanly studentleriň daşary ýurtlarda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.

XS
SM
MD
LG