Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň Kazandaky konsuly türkmen studentleri bilen duşuşdy, problemalar agzalmady


Atadurdy Baýramow

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly bilen Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynyň müdiriniň we türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullugynyň we agzalýan uniwersitetiň websaýtlarynda habar berildi.

15-nji fewralda Tatarstanyň Ýelabuga şäherinde geçirilen bu duşuşykda baş konsul Atadurdy Baýramow Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlary we Kazandaky Baş konsullygyň çäginde saýlaw uçastogynyň dörediljekdigi barada çykyş etdi.

Şeýle-de, Baýramow talyplara Russiýa Federasiýasynyň daşary ýurt raýatlarynyň ýurtda ýaşamagy baradaky düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygyny hem ýatlatdy.

"Soraglary we meseleleri öz wagtynda çözmek üçin Baş konsullyk we Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynyň halkara bölümi bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak zerur" diýlip, Baş konsullygyň websaýtynda Baýramowyň sözleri getirildi.

Şeýle-de, onda onuň türkmen talyplaryny gyzyklandyrýan soraglara jogap berendigi bellenildi, ýöne talyplaryň baş konsula nähili sowallary berendigi barada jemgyýetçilige hiç hili maglumat ýetirilmedi.

Şol bir wagtda, Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynyň müdiri Ýelena Merzon türkmenistanly studentleriň Atadurdy Baýramow bilen wiza almak, pasportlary täzelemek we bilim almak bilen baglanyşykly meseleler barada maslahat edendigini aýtdy.

Tatarstan respublikasy türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilim almak üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Institutyň müdiri Ýelena Merzon 15-nji fewrala degişli maglumatlara salgylanyp, ýokary okuw jaýynda 1000-den gowrak türkmenistanly talybyň okaýandygyny aýtdy.

Bellesek, daşary ýurtlarda, şol sanda Kazanda okaýan türkmen talyplarynyň maliýe kynçylyklary, serhetleriň ýapylmagy we türkmen ilçihanalarynyň üsti bilen daşary ýurt pasportlaryny täzeläp bolmaýandygy ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada Azatlyk indi birnäçe ýyl bäri habar berip gelýär.

Ýatlatsak, bu meseleler Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Atadurdy Baýramowyň geçen ýylyň martynda Russiýanyň Naberežnyýe Çelny we Ulýanowsk şäherlerinde bilim alýan türkmen studentleri bilen duşuşygynda hem gozgalypdy.

Şonda türkmen diplomaty türkmenistanly studentlere Türkmenistanda pul geçirim hyzmatlary boýunça girizilen çäklendirmeleriň aradan aýrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna garaşyp oturmaly däldigini aýdypdy.

Bellesek, 2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy gadagan edilenden soň, ýurtda walýutanyň iki - resmi we gara bazar nyrhlary - emele geldi. Merkezi bank bir dollaryň bahasyny 3,5 manat möçberinde saklaýan mahaly, onuň gara bazar nyrhy takmynan bäş esse ýokary bolmagynda galýar.

Bu çäklendirmäniň fonunda, häkimiýetler ene-atalara özleriniň daşary ýurtlarda okaýan çagalary üçin kesgitli möçberdäki pul serişdesini resmi kurs boýunça ibermäge mümkinçilik döretdi.

Ýöne şondan bäri Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen talyplary we olaryň ene-atalary häkimiýetleriň pul ibermek mümkinçiliklerini yzygiderli çäklendirýändigi we türkmen banklarynyň okuw töleglerini öz wagtynda geçirmeýändigi barada onlarça gezek habar berdiler. Bu çäklendirmeler köp talybyň okuwdan çykarylmagyna ýa-da okuwy terk etmegine hem getirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG