Onlarça ýurduň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary 4-nji iýulda Şweýsariýanyň Lugano şäherinde duşuşyp, Russiýanyň uruş tagallalarynyň güýçlenýän wagtynda, Ukrainany täzeden gurmagyň ‘ýol kartasyny’ düzmegi maksat edinýärler.
Ukrainany dikeltmäge bagyşlaýan iki günlük konferensiýa gatnaşmak üçin Lugano barýanlaryň arasynda Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhalyň we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň hem bolmagyna garaşylýar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň bu maslahata onlaýn arkaly gatnaşmagyna garaşylýar. Ol azat edilen ýerlerde garaşýan we edilmeli işleriň hakykatdanam “örän uludygyny” duýdurdy.
"Biz diňe basyp alyjylaryň ýok eden, ýykyp-ýumran zatlaryny dikeltmek we abatlamak bilen çäklenmän, eýsem, öz durmuş-ýaşaýyşymyz üçin täze, howpsuz, döwrebap, amatly, elýeterli binýat döretmeli" diýip, Zelenski 3-nji iýulda, giçlik eden çykyşynda aýtdy.
Ukrainanyň weýran bolan infrastrukturasynyň täzeden gurulmagyny maliýeleşdirmek üçin ýüzlerçe milliard ýewrolyk serişde zerur. Bu maslahatyň Lugano jarnamasy atly bilelikdäki beýanat bilen tamamlanmagyna garaşylýar.