Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dragon Oil” Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Düýbi Dubaýda ýerleşýän “Dragon Oil” kompaniýasy häzirki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň maý aýynda tamam bolandan soň, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Turkmennebit” konserni bilen edýän önümçilik hyzmatdaşlygyny ýene-de 10 ýyl uzaltmak üçin 1 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy.

“Roýters” habar gullugynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet habar gullugyna, WAM-a salgylanyp, birinji gün beren habarynda aýdylmagyna görä, şertnamada görkezilen serişdäniň 500 million dollary nagt pul görünşinde tölener, galan 500 million dollary bolsa, 13 ýylyň dowamynda tölener.

Geçen ýylyň sentýabrynda çykan habarlarda "Dragon Oil" kompaniýasynyň Türkmenistandaky şertnamasynyň möhletini ýene bir 10 ýyl möhlet bilen uzaldandygy we bu ylalaşygyň umumy bahasynyň 400 million amerikan dollaryna barabar boljakdygy aýdylypdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasy Hazaryň türkmen böleginiň we onuň kenar ýakalarynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek işlerinde köp ýyllaryň dowamynda önümi paýlaşmak hakynda baglaşylan Ylalaşyk esasynda işleýär.

XS
SM
MD
LG